Red Bull öz RB17 ýaryş giperkarynyň gutarnykly dizaýnyny görkezdi

  • 06.01.2026 11:36
  • 4.9k+

Red Bull Racing topary diňe ýaryş ýollarynda ulanmak üçin niýetlenen RB17 giperkarynyň gutarnykly suratlaryny görkezdi.

Belli inžener Edrian Nýuiniň we Cosworth-dan hünärmenleriň gatnaşmagynda döredilen model jikme-jik işlenen kuzowa we mahsus interýere eýe boldy.
2024-nji ýylyň tomsunda görkezilen prototip bilen deňeşdirilende, täze awtoulag ösen aerodinamika bilen tapawutlanýar: öň bölegi üýtgedildi, doly yşyk diodly (LED) faralar oturdyldy, hereketlendirijiniň ýerleşýän böleginiň üstünde howa akymyny ugrukdyrýan «ýüzgüç» we täze howa ýygnaýjylar goşuldy. Şeýle-de, ykjam gapdal aýnalar we «dik» aýna arassalaýjy bar. Salonda fiziki düwmeleri bolan rul we birnäçe dolandyryş elementleri bilen minimalistik merkezi konsol ýerleşdirildi. Kokpit howpsuzlygy «Le-Manyň 24 sagady» ýaly çydamlylyk ýaryşlarynyň ülňülerine laýyk gelýär.


Tehniki bölegine 1000 at güýjüni berýän we minutda 15 000 aýlaw edýän Cosworth-dan 4,5 litrlik V10 hereketlendirijisi girýär. Elektrik hereketlendirijisi hem goşmaça 200 at güýjüni berýär.
Hereketlendirijiniň sesi McLaren MP4/15 bolidine görä sazlandy.
Edrian Nýui geçen ýylyň güýzünde Aston Martin-e geçdi. Muňa garamazdan, ol geňeşçi hökmünde taslama gözegçilik etmegini dowam etdirýär.
Müşderi giperkarlarynyň önümçiligi indiki ýazda başlar. 

düýn 09:56
2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.6k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....