Tesla ýöreýşi "adamyňka" has meňzeýän täze Optimus robotyny tanyşdyrdy

  • 02.01.2026 12:30
  • 5.3k+

Tesla kompaniýasy adamsypat (gumanoid) roboty bolan Optimus-yň täzelenen görnüşini görkezýän gysga wideony çykardy. Robot indi laboratoriýa şertlerinde has ynamly hereket edýär we adamyňka meňzeş deňagramlylygyň hem-de sazlaşykly hereketleriň kämilleşendigini görkezýär. Wideo Tesla-nyň resmi Optimus akkaundynda peýda boldy we soňra Ilon Mask tarapyndan paýlaşyldy.

Optimus — boýy takmynan 180 sm, agramy bolsa 73 kg bolan doly ölçegli gumanoiddir. Onuň 40-dan gowrak erkinlik derejesi bar, bu bolsa onuň hereketlerini mümkin boldugyça adamyňka ýakynlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Her bir el 11 sany hereketli bogun bilen enjamlaşdyrylan bolup, bu robotyň dürli şekildäki zatlary hysyrdysyz tutmagyna we olar bilen işlemegine şert döredýär.
Robot 2,3 kWt·sag batareýa bilen işleýär. Onuň energiýa sarp edişi garaşma (entek işe başlamadyk) režiminde takmynan 100 watt, ýöreýän wagtynda bolsa 500 watta çenli ýetýär. Bu görkeziji adaty hojalyk enjamlarynyň energiýa sarp edişi bilen deňeşdirerlikdir.
Täze wideoda esasy başarnyklara üns çekilýär: akgynly ýöreýiş, durnuklylyk we bedeni doly dolandyrmak. Öňki görkezilenler bilen deňeşdirilende, robotyň hereketleri has bitewi we bökdençsiz (birden durman) görünýär.


14.03.2026 23:33
3.9k+

Starlink interneti çaltlandyrmak üçin hemralarynyň bir bölegini Ýere has ýakyn getirdi

Ilon Maskyň Starlink kompaniýasy öz hemralary bilen aragatnaşygy gowulandyrmak üçin dürli usullary ulanýar. Soňky günlerde bu usullaryň biri hökmünde hemralar toparynyň bir bölegi Ýere golaý pes orbita geçirilýär...

10.03.2026 17:04
1.6k+

xAI-nyň täze hyzmaty teksti duýgy we äheň bilen seslendirýär

Ilon Maskyň xAI emeli aň kompaniýasy adaty teksti täsirli sözleýişe öwürýän täze guraly tanyşdyrdy. Başlangyç tapgyrda bäş sany ses elýeterli bolup, olar «Eve», «Ara», «Rex», «Sal» we «Leo» diýlip atlandyrylýar...

02.03.2026 23:27
1.7k+

Tesla Cybertruck-da sesi basmak ulgamyny işjeňleşdirýär

Tesla kompaniýasy Cybertruck elektrik pikaplarynda uzakdan işleýän programma üpjünçiliginiň täzelenmegi arkaly işjeň ses ýatyryş ulgamyny (ANC) işe girizer. Bu barada kompaniýanyň resmi web sahypasynda we öndürijiniň hyzmat resminamalarynda täzelenen enjamlaryň sanawynda yglan edildi...

19.02.2026 14:25
2.2k+

Mask aşa çalt öwrenmek aýratynlygy bolan Grok 4.2 neýroulgamynyň işe girizilendigini yglan etdi

​Ilon Mask xAI kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen uly dil modeliniň täzelenmesi bolan Grok 4.2 wersiýasynyň çykandygyny habar berdi. Neýroulgam eýýäm köpçülikleýin beta-testirleme görnüşinde ulanyjylara elýeterlidir...