Casio we Madhappy geýim brendi hyzmatdaşlykda Baby-G sagadynyň çäkli seriýasyny çykardylar

  • 02.01.2026 12:18
  • 2k+

Casio kompaniýasy Los-Anjelesde ýerleşýän Madhappy geýim brendi bilen hyzmatdaşlykda döredilen Baby-G BG169MH-7 sagadyny tanyşdyrdy. Bu iki brendiň arasyndaky ilkinji hyzmatdaşlykdyr. Sagat eýýäm ABŞ-da, Ýewropada we başga-da birnäçe ýurtda satuwa çykaryldy.

Täze modelde ýalpyldawuk gülgüne çarçuwaly, ýiti yşyklandyryşly goşa sanly displeý bar. Sagadyň korpusy we kemeri ak polimerden ýasalan, displeýi bolsa goşmaça metal dugalar bilen goralan. LED yşyklandyryşy işjeňleşdirilende displeýde Madhappy logotipi peýda bolýar; şeýle hem logotip korpusyň arkasynda we kemeriň aşaky böleginde ýerleşdirilen.
Baby-G BG169MH-7 işjeň durmuş ýörelgesi üçin niýetlenen: ol 200 metre çenli suwa çydamlylygy saklaýar. Model 30 şäher üçin dünýä wagtyny görkezýär, 24 sagatlyk yza sanalýan taýmer, sekundyň 1/100 bölegi takyklygyndaky sekundomer, bäş sany budilnik we her sagat başynda berilýän signal bilen üpjün edilen. Batareýasynyň ömri üç ýyla çenli ýetýär.
Sagatda saýlanan seneden öňki ýa-da soňky günleri sanamak üçin Day Counter funksiýasy we 25 sany kontakt ýazgysyny saklamaga mümkinçilik berýän Telememo ýatkeşi bar.
ABŞ-da bu sagat Madhappy dükanynda 135 dollara satylýar. Casio-nyň resmi web sahypasynda bahasy 120 dollar diýlip görkezilen, ýöne model häzirlikçe satuwda ýok. Beýik Britaniýada sagadyň bahasy 100 funt sterling, Germaniýada bolsa 105 ýewro deňdir.

11.06.2026 13:03
7k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.7k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....