Samsung ABŞ-da iPhone 18 üçin şekil sensorlaryny öndürmäge başlar

  • 02.01.2026 12:14
  • 5.2k+

Samsung kompaniýasy ABŞ-da iPhone 18 smartfonlar toplumy üçin şekil sensorlaryny öndürmäge başlamagy meýilleşdirýär diýip, The Elec neşiri habar berýär.

Neşiriň berýän maglumatyna görä, Koreýanyň tehnologiýa ägirdi Tehas ştatynyň Ostin şäherindäki zawodynda CMOS şekil sensorlarynyň önümçiligini ýola goýmakçy bolýar. Täze ýerleşdirilen boş iş orunlary, şeýle hem Ostin şäher geňeşiniň Samsung kompaniýasynyň zawody ösdürmek üçin 19 milliard dollar maýa goýmak niýeti barada ýakynda beren bildirişi bu maglumatlary tassyklaýar.
Bu sensorlaryň iPhone 18 seriýaly smartfonlarda ulanylmagyna garaşylýar.
Şeýle-de bolsa, anyk haýsy sensorlaryň çykaryljakdygy ýa-da olaryň iPhone 18-iň haýsy modellerinde (mysal üçin, Pro ýa-da binýatlaýyn modellerde) peýda boljakdygy heniz takyk mälim däl. Apple däp boýunça öz smartfonlarynyň kamera sensorlaryny üpjün edijiler baradaky maglumatlary gizlin saklaýar.
Häzirki wagtda internetde geljekki iPhone modelleriniň kameralarynda bolup biljek tehniki üýtgeşmeler barada hem anyk maglumatlar ýok diýerlikdir.


09.06.2026 22:05
2k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

22.05.2026 20:30
2.5k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....