Wýetnamyň günortasyndaky Langbian tekizliginiň beýik dagly tokaýlarynda alymlar hažžygyň täze görnüşini ýüze çykardylar.
Ylmy gözleg ýerli hünärmenler tarapyndan Russiýadan gelen kärdeşler bilen bilelikde geçirildi. Meýdan işleri wagtynda olar kiçi ýylançyrlaryň ylma ozal belli bolmadyk görnüşini açdy. Ol Scincella toparynyň 47-nji wekili boldy.
Täze hažžygyň daşky görnüşi we aýratynlyklary Zootaxa žurnalynda beýan edildi.
Häzirki günde Wýetnamda ýylançyrlaryň 20 görnüşi hasaba alyndy. Olaryň köp bölegi deňiz derejesinden 1600 – 2200 metr beýiklikdäki daglarda ýaşaýar. Täze görnüş Wýetnamyň günortasyndaky üç dagda tapyldy. Alymlar onuň tebigy şertleri meňzeş bolan beýleki dag sebitlerinde-de duşup biljekdigini inkär etmeýär.
Tapylan hažžyk aýratyn ewolýusiýa ugruny görkezýär we mitohondrial alamatlary boýunça belli bolan görnüşlerden düýpli tapawutlanýar. Ol Scincella balluca adyny aldy («altyn dänesi» diýmegi aňladýan «ballux» sözünden) – hažžygyň böwri we garyn üsti altyn reňkde, gowy bolsa Güne öwüsýär. Rus dilinde «altynsow kiçi ýylançyr» ady teklip edildi.
Ylmy gözlegçileriň pikiriçe, Langbian tekizligini mundan beýläk hem öwrenmek gerek. Ähtimal, bu ýer ýene köp gyzykly zatlary gizleýän bolup biler.