Bir adam elde ýasalan agaç welosipedde tutuş Beýik Britaniýany aýlandy

  • 01.01.2026 18:52
  • 14k+

Beýik Britaniýanyň ýaşaýjysy Kidus Tesera öz ýasan agaç welosipedinde tutuş ýurt boýunça syýahata ugrady. Onuň täsin syýahaty barada The Guardian gazeti habar berýär.

Asly Efiopiýaly bolan bu adam sekiz ýyl mundan ozal Londonyň Imperiýa kollejinde okamak üçin Angliýa gelýär we tiz wagtdan şol bir gündelik durmuşa başlandygyny we öz medeniýeti bilen aragatnaşygy ýitirýändigini duýýar.
Geçen ýyl ol Lidsde ýaşaýan daýysynyň ýanyna göçdi we ilkinji gezek welosipede mündi.

«Men haýyr-sahawat dükanyndan welosiped satyn aldym. Meniň dostlarym onuň 10 ýaşly çaga niýetlenendigini aýdyp, maňa ulular üçin welosipedi sowgat etdiler. Ol iki ýyl dostumyň baglygynda durdy, şonuň üçin erbet ýagdaýdady. Men ony abatlamak üçin bir aý sarp etdim» - diýip, Tesera gürrüň berdi.

Tiz wagtdan ol oýlap tapyjylar üçin ussahana bolan Hackspace atly taslama goşulýar. Bu ýerde, esasan, gaýtadan işlenilen materiallary ulanyp, agaç welosiped ýasaýar. Ol şeýle welosipedi hereketde barlap görmek üçin syýahata ugraýar.
Ol öz ýoluna kontinental Beýik Britaniýanyň iň demirgazyk nokady bolan Jon-o’Groutsdan başlaýar we günorta çenli tutuş ýurdy aýlanmagy meýilleşdirýär.

«Ilkinji üç gije elhenç boldy. Men ýatmak üçin çadyr hem satyn almandym: diňe ýapynmak üçin keten aldym. Nah matadan köýnege bil baglap, azajyk goş aldym. Ýel we ýagyş güýçlüdi» - diýip, ol aýdýar.

Agaç welosiped hemme ýerde ünsi çekdi we bir pursatda Tesera bilen wideo TikTok-a düşdi. Adamlar oňa otel üçin pul iberip başlady, käbirleri oňa ýatalga we nahar hödürledi. Welosiped birnäçe gezek döwüldi we oňa ýene-de ýerli adamlar kömege geldi: biri hatda onuň öňdäki tigirini öz gyzynyň çagalar üçin welosipediniň tigirine çalyşdy.
Käbir kömek edenler bilen Tesera gatnaşmagyny dowam etdirýär. «Floris» tupany wagtynda ony bir är-aýal öýüne myhman alyp, gyzgyn nahar we ýatmak üçin ýer hödürläpdi.
Syýahat Teserany haýyr-sahawat guramalary üçin serişde ýygnamaga ruhlandyrdy. 


18.03.2026 16:06
3.8k+

Dünýäniň iň çuň ýerasty marafony Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Şwesiýanyň Garpenberg şäherinde ýeriň takmynan 1100 metr çuňlugynda geçirilen ylgaw ýaryşy dünýäniň iň çuň ýerasty marafony hökmünde resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna hasaba alyndy. Marafonyň uzynlygy adaty ölçegde, ýagny 42,2 km boldy...

17.03.2026 19:09
1.2k+

Britaniýaly ýazyjylar emeli aň ulanylman ýazylan kitaplar üçin ýörite logotip döretdi

Beýik Britaniýanyň «Society of Authors» (SoA) — Ýazyjylar, illýustratorlar we terjimeçiler birleşmesi — «Human Authored» logotipini hödürledi. Ol generatiw emeli aňy ulanmazdan, diňe adamlar tarapyndan ýazylan kitaplary tapawutlandyrmak üçin niýetlenendir...

06.03.2026 10:44
2k+

Norfolkda wikingleriň seýrek duş gelýän altyn şaýy tapyldy

Angliýanyň Norfolk graflygynda seýrek duş gelýän altyndan taryhy gymmatlyk tapyldy. Seljerijileriň pikiriçe, bu şaýylar 865-nji ýylda Angliýa çozup giren skandinawlaryň Beýik butparazlar goşunynyň esgerine degişli bolupdyr...

28.02.2026 14:06
4.1k+

Beýik Britaniýanyň ilçihanasy sanly wiza ulgamyna geçilýändigini mälim etdi

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýurduň wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi. 2026-njy ýylyň 25-nji fewralyndan başlap, Beýik Britaniýanyň immigrasiýa ulgamy sanly görnüşe geçdi. Diplomatik wekilhananyň berýän maglumatyna görä, Beýik Britaniýa girmek üçin wiza talap edilýän ähli daşary ýurt raýatlary indi diňe elektron wiza (eVisa) alar...