Britaniýanyň kenarýakasyndaky syr: Uelsiň çäginden ýüzlerçe gadymy ädik tapyldy

  • 30.12.2025 23:37
  • 9.6k+

Günorta Uelsiň Ogmor-baý-Si kenarynda meýletinçiler geň tapyndyny — Wiktoriýa döwrüne (XIX asyryň ikinji ýarymy) degişli birnäçe ýüz ädigi tapdylar. BBC-niň habar bermegine görä, aýakgaplar «Beach Academy» guramasynyň agzalary tarapyndan derýanyň kenarynda arassalaýyş işleri geçirilýän wagtynda tapyldy.

Tapyndylaryň arasynda erkekleriň hem, aýallaryň hem aýakgaplary bar. Olaryň bir bölegi gowy ýagdaýda saklanyp galypdyr, bu bolsa hünärmenlere ädikleriň gurluşyny we olaryň önümçiliginde ulanylan materiallary jikme-jik öwrenmäge mümkinçilik berdi.
«Beach Academy» guramasynyň wekili Emma Lamportyň pikirine görä, bu aýakgaplar takmynan 150 ýyl mundan ozal Tasker-Rok gaýasynyň golaýynda heläkçilige uçran «Frolik» italýan gämisiniň ýüküniň bir bölegi bolup biler. Gäminiň ammaryndaky zatlar wagtyň geçmegi bilen deňiz tarapyndan ýuwulyp, kenara çykarylan bolmagy mümkin.
Taryhçylar bolsa başga bir çaklamany hem aradan aýyrmaýarlar. Olar aýakgaplaryň ýerli ädikçiler tarapyndan bejermäge ýaramsyz diýlip, derýa taşlanan bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar. Derýanyň akymy olary kenara çykarýança, olary köp ýyllaryň dowamynda bir ýerden başga ýere süýşüren bolmagy ähtimal.
Häzirki wagta çenli bu çaklamalaryň hiç biri hem doly tassyklanmady, emma barlagçylar jogap gözlemegini dowam etdirýärler.


16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......

29.04.2026 13:40
991

Britaniýanyň Teýt galereýasynda 1990-njy ýyllaryň sungaty we modasy barada giň gerimli sergi açylar

Britaniýanyň Teýt galareýasy  1990-njy ýyllaryň medeni dünýäsine bagyşlanan “The 90s: Art and Fashion” atly serginiň geçirilýändigini bildiriş etdi. 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 14-nji......