Disney 2025-nji ýylda iň girdejili we kassa ýygymy 6 mlrd dollardan geçen ýeke-täk kinokompaniýa boldy

  • 30.12.2025 17:07
  • 4.3k+

Disney 2025-nji ýylda iň girdejili kinostudiýa we bazarda kassa ýygymy 6 mlrd dollardan geçen ýeke-täk kinokompaniýa boldy. Umumy girdejiniň 2,3 mlrd dollary ABŞ-nyň paýyna düşdi, 3,65 mlrd dollary bolsa halkara bazarlarda gazanylan girdejiler emele getirdi diýip, Deadline habar berýär.

Kompaniýa şu ýyl 16 sany uly reliz çykardy, olaryň arasynda «Awatar» franşizasynyň üçünji filmi hem bar. Iň üstünlikli taslama prokatda 1,3 mlrd dollar ýygnan «Haýwanlar şäheri 2» animasion filmi boldy. Bu mukdar Disney-e degişli bolan Marvel Studios-yň geçip barýan ýyldaky ähli filmleriniň umumy girdejisi bilen deňdir.
Gazanylan netijeleriň esasynda kompaniýa animasion filmiň indiki bölüminiň önümçiligine başlamak kararyna geldi. Üçünji filmiň dörediljekdigini «Haýwanlar şäheri 2-niň» režissýorlary hem tassyklady. Premýera, çen-takmyn, 2030-njy ýyla meýilleşdirilýär.
2025-nji ýylyň jemi korporasiýa üçin 2019-njy ýyldan bäri iň gowusy diýlip hasaplanýar. Alty ýyl ozal studiýanyň umumy kassa ýygymy 13 mlrd dollardan gowrak bolup, taryhy iň ýokary derejä ýetipdi. 


11.06.2026 23:54
1.4k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....