Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasy kyn şertlerde we ýiti ýagtylykda synagdan geçirildi

  • 30.12.2025 16:47
  • 6.8k+

Meşhur hytaýly bloger Sýaolu Lourens täze Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonyny synagdan geçirip, suratlary hödürledi. Bloger syýahat, fotosuratlar we wideograflar bilen meşgullanýar. Onuň Weibo platformasynda 1 milliondan gowrak agzasy bar.

Smartfon 200 Mp Leica zum-obýektiwine eýe boldy. Bloger onuň 75-den 100 mm çenli fokus aralygy bilen portret düşürmäge mümkinçilik berýändigine ünsi çekýär. Synag wagtynda 1 dýuýmlyk Light and Shadow Master sensory bolan esasy Leica kamerasy gijeki suratlarda has gowy netije görkezdi. Blogeriň belleýşi ýaly, kamera pes ýagtylyk şertlerinden, mysal üçin, feýerwerki surata düşürmekden, şeýle-de köçe fonarlary we çyralar ýaly çylşyrymly ýagtylandyryşdan hem gowy baş çykaryp, kadrlaryň ýokary aýdyňlygyny saklady.
Xiaomi 17 Ultra bilen Xiaomi 17 Ultra Leica Edition-yň satuwy Hytaýda 27-nji dekabrda başlady. Ýörite wersiýa bolan Leica Edition-yň bahasy 7999 ýuan (1130 dollar) bolup, bu şol bir aýratynlyklara eýe bolan adaty modelden 500 ýuan (70 dollar) gymmatdyr.
Şeýle-de, kompaniýa Xiaomi 17 Ultra Leica Edition wersiýasy barada wideo hödürledi. Onuň esasy aýratynlygy kamera blogunyň daşyndaky Master Zoom Ring halkasy boldy. Ol professional fotoapparatlardaky ýaly fokus aralygyny birsydyrgyn üýtgetmäge mümkinçilik berýär. Indi ulanyja ekrana yzygiderli dürtüp durmak gerek däl.
Smartfon Qualcomm Snapdragon 8 Elite Gen 5 prosessoryna esaslanýar we Leica bilen bilelikde işlenip düzülen hem-de dinamiki diapazony giňeltmek üçin LOFIC tehnologiýasyny goldaýan bir dýuýmlyk Light Hunter 1050L datçigi bilen enjamlaşdyryldy. 


22.02.2026 01:33
3.8k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...