«Alaň 3» bilen «Ar alyjylar: Kyýamat güni» filmleri bir wagtda çykarylar

  • 28.12.2025 23:20
  • 3.9k+

Warner Bros. we Disney kinostudiýalary «Alaň: Bölüm 3» we «Ar alyjylar: Kyýamat güni» filmlerini ABŞ-da prokata 2026-njy ýylyň 18-nji dekabrynda bir wagtda çykarmagy meýilleşdirýär. Iki blokbasteriň reliz gününiň gabat gelmegi sosial ulgamlarda kinofilmleriň atlaryndan ýasalan «DunesDay» adalgasynyň peýda bolmagyna getirdi.

Ulanyjylar bu wakany 2023-nji ýyldaky «Barbigeýmer» bilen deňeşdirýär. Şol ýyl «Barbi» we «Oppengeýmer» filmleri bir wagtda çykyp, jemgyýetde uly seslenme döredipdi.
Žurnalist Mettýu Belloni öz podkastynda häzirki wagtda kompaniýalaryň premýera tertibini üýtgetmek meýliniň ýokdugyny we Roždestwodan öňki baýramçylyk möwsüminde mümkin boldugyndan ýokary girdeji gazanmak isleýändigini habar berdi. Şol bir wagtyň özünde, indiki «Ar alyjylaryň» marketing kampaniýasy eýýäm başlady. Mysal üçin, Marvel studiýasy «Kyýamat gününiň» ilkinji tizerini hödürläp, Kris Ewansyň Stiw Rojersiň/Kapitan Amerikanyň keşbine gaýdyp gelýändigini tassyklady. «Alaň 3» barada wideo entek ýok.
Relizleri gabat getirmek pikirini Marvel kinoäleminde Şan-Çiniň roly bilen tanalýan aktýor Simu Lýu hem goldady. Ol auditoriýany bellenilen senä taýýarlanmaga çagyrdy.
Kinofranşizalaryň muşdaklary tematiki posterleri döretmäge girişdi. 


düýn 10:41
1.4k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.3k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.8k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....