2025-nji ýylda magnit tupanlarynyň sany soňky on ýylda iň ýokary derejä ýetdi

  • 27.12.2025 20:51
  • 4.4k+

2025-nji ýylda magnit tupanlarynyň bolan günleriniň sany soňky on ýylda iň ýokary görkezijä, geomagnit-gozganma günleriniň umumy sany bolsa soňky ýigrimi ýylda iň ýokary derejä ýetdi. Bu barada RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň we Gün-Ýer fizika institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy habar berdi.

Bilermenleriň hasaplamalaryna görä, ýylyň başyndan bäri magnit tupanlary 69 günde hasaba alyndy, 2024-nji ýylda bu görkeziji bary-ýogy 44 güne deňdi.

«Kp indeksi 4-e we ondan ýokary derejä (sary we gyzyl dereje) ýeten geomagnit gozganmalary bolan günleriň umumy sany has-da ýokary boldy. Olar 94-e garşy 164 gün, ýagny 75% köp boldy» — diýip, alymlar habar berdi.

Bilermenler Gün işjeňliginiň ýokarlanmagynyň sebäbi hökmünde onda koronal deşikleriň köpçülikleýin emele gelmegini belleýär. Olaryň sanynyň azalmak alamatlarynyň ýokdugy sebäpli, tupanlaryň ýokary derejesi 2026-njy ýylyň ilkinji aýlarynda-da saklanyp biler. Şu ýyl G4 derejeli üç tupan hasaba alyndy: ýanwar, iýun we noýabr aýlarynda.


21.03.2026 11:26
5.3k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

26.02.2026 16:54
5.5k+

Gün «ukudan oýandy»: alymlar 4 günlük dymyşlykdan soň işjeňligiň gaýtadan başlandygyny mälim etdi

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň habar bermegine görä, Günde dört günlük doly asudalykdan soň işjeňlik täzeden başlandy. Bu hadysanyň alamatlary iki-üç gün ozal emele gelip başlan täze tegmiller toparynda hasaba alyndy...

18.02.2026 09:22
4.4k+

2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulmasy boldy. Bu hadysany Ýer ýüzünde bary-ýogy sanlyja adam gördi

17-nji fewralda Antarktidada 2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulma hadysasy hasaba alyndy. Aşgabat wagty bilen sagat 16:44 töweregi Aý Günüň merkezi bölegini doly örtüp, onuň diňe gyralarynyň görünmegini, ýagny "otly halka" täsirini emele getirdi...

12.02.2026 11:25
1.5k+

Ýanwar aýy soňky 9 ýylda magnit hadysaly iň işjeň aý boldy

Geçen ýanwar aýy 2017-nji ýyldan bäri magnit harasatynyň iň işjeň hasaba alnan döwri boldy. 31 günüň dowamynda geomagnit tupanlary 10 gezek hasaba alyndy. Bu görkeziji häzirki 25-nji gün sikli üçin hem, 2017-nji ýylyň sentýabryndan bäri geçen döwür üçin hem rekord derejedir...