Microsoft dilini üýtgeder: programma kody C we C++-dan Rust-a geçiriler

  • 27.12.2025 20:47
  • 2.7k+

Microsoft öz esasy önümleriniň koduny 2030-njy ýyla çenli C we C++-dan Rust-a geçirmek meýilnamalary barada aýtdy. Bu işiň esasy bölegini inženerleriň goldamagynda ýöriteleşdirilen emeli aň agentleri ýerine ýetirer diýip, korporasiýanyň öňdebaryjy inženeri Galen Hant habar berdi.

Onuň aýtmagyna görä, gurama eýýäm şeýle uly geçiş üçin zerur bolan infrastrukturany ösdürmek bilen meşgullanjak hünärmen üçin iş ornuny açdy. Taslama ilkibaşdaky koduň grafyny döredýän algoritmik ulgama we uly üýtgeşmeleri girizmek üçin EA gurallaryna esaslanýar.
Şeýle-de, inžener iş prosesinde awtomatizirlemegiň roluny belledi: «Biziň EA infrastrukturamyz koda uly möçberli üýtgeşmeleri girizmek üçin algoritmler tarapyndan dolandyrylýan EA agentlerini birikdirmäge mümkinçilik berer».
Rust-a geçiş, ilkinji nobatda, howpsuzlyk bilen baglanyşyklydyr. Ol ýat bilen işlemekde näsazlyklaryň we howply gowşaklyklaryň ýüze çykmagynyň öňüni alýar. Ozal Azure-niň tehniki müdiri Rust-y täze işläp taýýarlamalar üçin ileri tutulýan dil hökmünde kesgitläpdi. EA tehnologiýalarynyň işe çekilýändigine garamazdan, 2030-njy ýyla çenli millionlarça kod setirini doly çalyşmak işi korporasiýanyň programma portfeliniň uludygy sebäpli ep-esli resurs talap eder. 


23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
900

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...