Nýu-Ýorkuň polisiýasy Grinçi gözlege berdi: Ony tapana 10 müň dollar baýrak bar

  • 27.12.2025 16:25
  • 11k+

Nýu-Ýork şäheriniň polisiýa bölümi (NYPD) Roždestwo baýramyny ogurlamaga synanyşmakda aýyplanýan meşhur Grinçiň gözlegini yglan etdi. Şäher dolandyryşy jenaýatçynyň tapylmagyna kömek edene 10 000 dollara çenli pul baýragyny wada berdi. Bu baradaky degişme äheňli habar polisiýanyň "X" (öňki Twitter) sosial media hasabynda paýlaşyldy.

Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, "jenaýat" Roždestwo gijesi şäheriň dürli künjeklerinde amala aşyrylypdyr. Bildirişde şeýle diýilýär:

"2025-nji ýylyň 24-nji dekabrynda, çarşenbe güni ýary gijäniň öň ýanynda, Grinç Nýu-Ýorkuň akyllyja çagalarynyň arçalarynyň aşagyndan oýunjaklary we sowgatlary ogurlap barýarka wideogözegçilik kameralaryna düşdi".

Grinç kim?
Grinç — meşhur ýazyjy Doktor Sýuzyň 1957-nji ýylda çap edilen "Grinç Roždestwony nädip ogurlady" atly kitabynyň baş gahrymanydyr. Ol baýramçylygy halamaýan, ýaşyl reňkli, adamşekilli jandardyr.

Netije: Polisiýa gullugy habaryň dowamynda degişli fotoroboty hem köpçülige hödürledi. Gysga wagtyň içinde hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri "jenaýatçynyň" tapylandygyny we baýramçylygyň halas edilendigini habar berdiler.

şu gün 12:35
3.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 22:10
2.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3.3k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.8k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......