Benzin bilen işleýän soňky Jaguar konweýerden çykdy

  • 26.12.2025 22:20
  • 9.3k+

Jaguar sessiz-üýnsüz içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtomobilleriň önümçiligini tamamlady. Soňky krossower F-Pace Angliýanyň Solihall şäherindäki zawodda öndürildi. Bu barada model üçin hoşlaşyk çäresine gatnaşan markanyň muşdaklar klubunyň agzalary sosial ulgamlarda habar berdi.

Zawodda kompaniýanyň işgärleri – F-Pace taslamasynyň üstünde işlän inženerler we menejerler ýygnandy. Içinden ýandyrylýan hereketlendirijili hoşlaşyk awtomobili gara F-Pace SVR boldy. Markanyň muşdaklarynyň aýtmagyna görä, reňkiň saýlanmagy meşhur E-Type sportkaryna salgylanma boldy. 1970-nji ýyllaryň ortalarynda onuň önümçiliginiň bes edilmegi hem «Jaguar-yň ýene bir beýik eýýamynyň soňuny» alamatlandyrypdy.
Soňky F-Pace ulagy Jaguar Daimler Heritage Trust gaznasynyň muzeý kolleksiýasyna goşuldy.
Geljekde brend elektromobillere ünsi jemlär. Jaguar häzir Type 00 konseptiniň esasynda döredilen doly elektrik modelini çykarmaga taýýarlanýar. Ilkibaşda önümçilik wersiýasyny 2025-nji ýylyň ahyryna çenli hödürlemek meýilleşdirilipdi, ýöne premýera 2026-njy ýyla süýşürildi. Täze ulagyň, takmynan, 1000 at güýjüni berýän üç hereketlendirijili güýç enjamyny almagyna garaşylýar. 

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....