Xiaomi üýtgeşik datçikli Watch 5 smart-sagadyny we Buds 6 flagman nauşnigini görkezdi

  • 26.12.2025 20:34
  • 3k+

Xiaomi Hytaýda Watch 5 flagman smart-sagadyny we Buds 6 simsiz nauşnigini hödürledi.

Xiaomi Watch 5 sagady poslamaýan polatdan korpusa we ýakut aýna eýe boldy. Ol inçe çarçuwaly 1,54 dýuýmlyk displeý bilen üpjün edildi.
Sagatda pulsy, ganda kislorodyň derejesini ölçeýän we EKG datçikleri oturdyldy. Esasy täzelik myşsa işjeňligini hasaba alýan elektromiografiýa sensory boldy. Onuň kömegi bilen Xiaomi ekoulgamynyň enjamlaryny myşsalaryň hereketi bilen dolandyryp bolýar. Umuman, 150 sport režimi yzarlanýar.

Akkumulýator sygymy 930 mA/sag bolup, bu 6 gün işjeň işlemek ýa-da energiýa tygşytlaýjy režimde 18 gün işlemek üçin ýeterlikdir. Sagat dört ýadroly Snapdragon W5 4 nm prosessorynda işleýär. Şeýle-de, karta we Alipay ýaly käbir programmalary işledýän BES2800 prosessory-da bar.

Hytaýda Watch 5-iň bahasy:

  • ·1999 ýuan (takmynan, 285 dollar) – gara reňkli ýa-da haki reňkli ftorelastomerden ýasalan kemer bilen adaty wersiýa;
  • ·2299 ýuan (takmynan, 327 dollar) eSIM-li we ýiti gök ýa-da klassyk goňur reňkli deri kemerli wersiýa.


Buds 6 nauşnigi «bionik» dizaýnda ýerine ýetirildi. Onuň agramy 4,4 gram bolup, audiony 2,1 Mbit/sek çenli tizlik bilen geçirip bilýär. Ses üçin Harman (AudioEFX) topary bilen bilelikde sazlanan üç magnitli draýwerler jogap berýär.
Buds 6 işjeň galmagy ýatyrmazdan goşmaça zarýad bermesiz alty sagada çenli, zarýad keýsi bilen bolsa 35 sagada çenli işleýär. Şeýle-de, sinhron terjime üçin EA we jaňlarda galmagaly basmak üçin üç mikrofondan ybarat ulgam bar.
Dört reňk elýeterli: benewşe, dür ak, titan-altyn we gara.
Hytaýda baha 699 ýuan (takmynan, 100 dollar). 


22.02.2026 01:33
3.8k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...