Lancia ralli ýaryşyna gaýdyp gelmeginiň hormatyna çäkli nusgada sagat çykardy

  • 24.12.2025 12:59
  • 2.6k+

Lancia kompaniýasy brendiniň Dünýäniň ralli çempionatyna (WRC) gaýdyp gelmegi mynasybetli Eberhard & Co sagat öýi bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanan çäkli nusgadaky goşar sagadyny tanyşdyrdy. Jemi 360 sany nusgada öndüriljek bu sagatlaryň her biriniň bahasy 1980 ýewro bolar.

Bu aksessuaryň çykarylmagy brendiň sport modellerini aňlatmak üçin ulanylan meşhur HF (High Fidelity) logotipiniň täzeden dikeldilmegi bilen gabat geldi. Bu nyşan hronometriň siferblatynda ýerleşdirilipdir.
Sagadyň 10,45 mm galyňlykdaky polat korpusy 50 metre çenli suwa çydamlylygy üpjün edýär, hronometriň işleýiş ätiýaçlygy bolsa 38 sagada deňdir. Alyjylara gara, ak ýa-da gök siferblatly nusgalar, şeýle hem polat bilezikli ýa-da gyzyl gyra tikenli deri kemerli görnüşleri saýlap almak mümkinçiligi hödürlenýär.
Lancia Corse zawod toparynyň 25 ýyllyk arakesmeden soň, 2026-njy ýylyň ýanwarynda dünýä birinjiliginiň ýollaryna gaýdyp gelmegine garaşylýar. Monte-Karlo tapgyrynda WRC2 kategoriýasynda iki sany Ypsilon Rally2 HF hetçbegi bäsleşer. Ekipažlara bolsa ussat sürüjiler Ýohan Rossel we Nikolaý Grýazin ýolbaşçylyk ederler.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....