Londonda Benksiniň stilinde çagalary suratlandyrýan iki meňzeş graffiti peýda boldy

  • 24.12.2025 10:10
  • 3.4k+

Londonda üç gün aratapawut bilen britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň stilinde ýerine ýetirilen iki graffiti peýda boldy. Bu barada BBC News habar berýär.

Diwar suratlarynyň ikisinde-de ýerde ýatan iki çaga suratlandyrylýar. Olar rezin ädik, palto we gyş şapkasyny geýen bolup, biri barmagy bilen ýokaryk, ähtimal, ýyldyzlary görkezýär.
Birinji surat 19-njy dekabrda britan paýtagtynyň merkezindäki Centre Point Tower-iň golaýynda, ikinjisi 22-nji dekabrda şäheriň günbataryndaky Beýsuoter sebitinde garažyň üstünde peýda boldy. Benksi Beýsuoterdäki graffitini Instagram-da ýerleşdirmek bilen, onuň hakykydygyny tassyklady, ýöne birinji suratyň peýda bolmagyna teswir bermedi.
Suratkeş Deniel Lloýd-Morgan Centre Point-däki surat barada aýtmak bilen, ýerleriň saýlanmagynyň öýsüz çagalara ünsi çekmek islegi bilen baglanyşykly bolup biljekdigini çaklady. «Bu örän hereketli ýer. Adamlaryň saklanmaýandygy simwolik zat. Olar öýsüzleriň ýanyndan geçip, olaryň ýerde ýatandygyny görmeýär… Hemmeler wagtyny gowy geçirýär, ýöne Roždestwoda wagtyny gowy geçirmeýän çagalar köp» — diýip, ol belledi.

Benksiniň döredijiliginiň muşdagy Jeýson Tomkins bu eseri «öýsüzligiň aýdyň beýany» diýip hasaplaýar. Onuň pikiriçe, graffitide Benksiniň 2018-nji ýylyň dekabrynda döreden meşhur suratyndaky gahryman şekillendirilen bolmaly. Şol suratda çagajyk agzy bilen gar tozgalaryny tutýar, ýöne olar kül bolup çykýar.
Tomkins suratkeş üçin şol bir oglanjygy gaýtalap ulanmagyň adaty däldigini belleýär.


16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......

29.04.2026 13:40
991

Britaniýanyň Teýt galereýasynda 1990-njy ýyllaryň sungaty we modasy barada giň gerimli sergi açylar

Britaniýanyň Teýt galareýasy  1990-njy ýyllaryň medeni dünýäsine bagyşlanan “The 90s: Art and Fashion” atly serginiň geçirilýändigini bildiriş etdi. 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 14-nji......