Dekabryň ahyrynda Aşgabatda meşhur daşary ýurtly aýdymçylaryň gatnaşmagynda baýramçylyk konsertleri geçiriler. Täze ýylyň öňüsyrasyndaky dabaralar Gyşky oýunlar sport toplumynda bolar.
Baýramçylyk maksatnamasyny 27-nji dekabrda eýran-şwesiýaly aýdymçy Arash (Araş Labafzade) açar.
Ertesi gün, 28-nji dekabrda tomaşaçylaryň öňünde russiýaly aýdymçy Mot (Matweý Melnikow) çykyş eder.
Daşary ýurtly ýyldyzlaryň çykyşlaryny 29-njy dekabrda türkiýeli aýdymçy Semicenk (Jenk Baş) jemlär.
30-njy dekabrda bolsa türkmen estradasynyň ýyldyzlarynyň gatnaşmagyndaky konsert baýramçylygyň ajaýyp jemlemesi bolar.
Ähli konsertler sagat 18:00-da başlanýar.