Disney “Gözel we nägehan” ertekisinden täze film döredýär

  • 22.12.2025 15:49
  • 1.4k+

Disney kompaniýasy “Gözel we nägehan” äleminde bolup geçýän täze doly metražly filminiň üstünde işläp başlady. Bu gezek filmiň baş gahrymany studiýanyň iň meşhur zalymlarynyň biri — öwünjeň Gaston bolar. Bu barada Variety neşiri habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, filmiň ssenarisini öň "Şan-Çi we on ýüzügiň rowaýaty" hem-de "Godzilla we Kong: Täze imperiýa" filmleriniň üstünde işlän Dewid Kallaham ýazar. Filmiň ýordumy baradaky jikme-jiklikler häzirlikçe gizlin saklanýar. Şeýle-de bolsa, režissýoryň kimdigi we baş keşbi kimiň janlandyrjakdygy barada resmi maglumat ýok.
Gaston ilkinji gezek 1991-nji ýylda çykan Disney-iň klassiki animasiýasynda peýda bolupdy. Ýordum boýunça ol diňe özüni gowy görýän awçy bolup, Belliň göwnüni awlamaga synanyşýar, emma bu synanyşygy şowsuz tamamlanýar.
Bu taslama kompaniýanyň ikinji derejeli keşpler ýa-da zalym gahrymanlar barada aýratyn filmler döretmek strategiýasynyň dowamydyr. Disney mundan öň hem meňzeş taslamalary amala aşyrypdy. Mysal üçin, 2021-nji ýylda çykan “Kruella” (Cruella) filmi “101 dalmatinliler” ertekisindäki meşhur zalym zenan keşbini beýan edipdi.


düýn 10:41
1.4k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.3k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.8k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....