Ilaty has ynjalykly we birahat şäherleriň reýtingi düzüldi

  • 22.12.2025 12:31
  • 11k+

Sanly maliýe hyzmatlary pudagynda işleýän Remitly kompaniýasy gözleg geçirip, dünýäde stress derejesi has ýokary we pes bolan şäherleri kesgitledi. Gözlegiň netijeleri barada Time Out habar berýär.

Bilermenler dünýäniň 170-den gowrak şäherini seljerip, stress derejesine täsir edip biljek bäş ölçeg boýunça baha berdi. Olara 10 kilometr geçmek üçin gerek bolan wagt we ýol dyknyşygy, azyk önümleriniň, ulag, kommunal we beýleki hyzmatlaryň bahalaryny göz öňünde tutmak bilen ýaşaýyş çykdajylarynyň indeksi, şeýle-de saglygy goraýyş ulgamynyň elýeterliligi, jenaýatçylyk derejesi we howanyň hapalanmagynyň ortaça görkezijisi degişlidir. Kärende ýa-da ipoteka tölegleri hasaba alynmady.
Her şäher ähli ölçegler boýunça baha aldy, şondan soň maglumatlar on ballyk şkala boýunça umumy «stress indeksine» birleşdirildi.


Netijede, birahatlyk boýunça şäherleriň reýtingine Nýu-Ýork (ABŞ), Dublin (Irlandiýa), Mehiko (Meksika), Manila (Filippinler), London (Beýik Britaniýa), Milan (Italiýa), Afina (Gresiýa), San-Paulu (Braziliýa), Turin (Italiýa) we Kalkutta (Hindistan) girdi. Şol bir wagtyň özünde, dürli sebitlerde stressiň sebäpleri tapawutlanýar: Latyn Amerikasynyň ýurtlarynda adamlar, köplenç, howpsuzlyk meselesinden, Ýewropada we Demirgazyk Amerikada bolsa ýaşaýyş bahasynyň ýokary bolmagyndan zeýrenýär.
Iň ynjalykly şäherler Eýndhowen we Utreht (Niderlandlar), Kanberra (Awstraliýa), Tallin (Estoniýa), Groningen (Niderlandlar), Tronheým we Bergen (Norwegiýa), Portu (Portugaliýa), Brisben (Awstraliýa) we Rotterdam (Niderlandlar) boldy.
Şeýle-de, bilermenler Niderlandlaryň, umuman, birbada dört şäheriň ilkinji onluga girendigini göz öňünde tutsaň, stress derejesiniň iň pes bolan ýurdy hasaplanyp biljekdigini belleýär.  


düýn 16:40
1.8k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.2k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......