Belgiýadaky muzeýden Napoleonyň bäş göwherli ýüzügi ýitdi

  • 22.12.2025 12:11
  • 5.2k+

Belgiýanyň Ženap kommunasyndaky «Napoleonyň soňky ştab-kwartirasyndan» Napoleon Bonaparta degişli bolan bäş göwherli altyn ýüzük ogurlandy. Ogurlyk barada Belgiýanyň RTBF teleradioýaýlymy habar berdi.

KHBS-iň maglumatlaryna görä, jenaýat 18-nji dekabra geçilýän gije boldy. Iki ogry aýnany döwüp, binanyň içine girdi, şondan soň birnäçe witrinalary açyp, eksponatlary ogurlady. Ýüzükden başga-da, muzeýden Napoleon döwrüniň altyn we kümüş teňňeleri ýitdi.
Ogurlanan ýüzük 18 karat altyndan ýasaldy. Taryhçylar ony 1815-nji ýylyň 18-nji iýunyndaky wakalar bilen baglanyşdyrýar – ol imperatoryň Waterlooda ýeňlenden soň gaçan wagty tapyldy. RTBF ýiten predmetleriň taryhy gymmatlygynyň olaryň bazar bahasyndan has ýokarydygyny belleýär.
Ogurlykdan soň muzeý howpsuzlygy güýçlendirmek we binany dikeltmek üçin iki günlük ýapyldy. Häzir ol myhmanlar üçin ýene açyk. Wallon Brabant prokuraturasy derňew işlerini geçirýär. 


30.04.2026 22:03
3.8k+

Belgiýada çarlaklaryň sesine öýkünmek boýunça bäsleşik geçirildi

Belgiýanyň De-Panne şäherçesinde her ýyl däp bolan ýewropa bäsleşiginiň nobatdaky sany geçirildi. Bu gezek gatnaşyjylar çarlaklaryň sesine iň ökde öýkünmek ugrunda bäsleşdiler. Oňa Ýewropanyň 16 ýurdundan......

20.11.2025 11:14
3.1k+

Belgiýada kömelekden gaplamalar öndürilip başlandy

Brýusselde kömelek damarlaryndan (miseliýden) gaplama öndürýän Permafungi fabrigi işläp başlady. Bu "miko-material" doly dargap bilýär we polietileniň hem-de plastigiň beýleki görnüşleriniň ornuna ulanmak üçin işlenip taýýarlanýar...

13.10.2025 10:17
5k+

Brýusseldäki ZIN in No(o)rd 2025-nji ýylyň iň gowy gökdirän binasy diýlip yglan edildi

Dikleýin şäherleşme geňeşi (Council on Vertical Urbanism, CVU) 2025-nji ýylyň iň oňat beýik binasyny saýlady. Baş baýrak Brýusselde ýerleşýän ZIN in No(o)rd taslamasy üçin Belgiýanyň Jaspers-Eyers Architects arhitektura studiýasyna berildi...

27.08.2025 16:03
6.8k+

Belgiýaly adam Lego heýkeljikleriniň dünýäde iň uly kolleksiýasyny ýygnady

Belgiýaly Stiwen wan Daýk Lego heýkeljikleriniň dünýäde iň uly kolleksiýasyny ýygnady. Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri onda 11 803 predmeti hasaba aldy. Bu öňki rekord eýesiniňkiden iki müň heýkel köpdür...