Brýusseldäki ZIN in No(o)rd 2025-nji ýylyň iň gowy gökdirän binasy diýlip yglan edildi

  • 13.10.2025 10:17
  • 4.9k+

Dikleýin şäherleşme geňeşi (Council on Vertical Urbanism, CVU) 2025-nji ýylyň iň oňat beýik binasyny saýlady. Baş baýrak Brýusselde ýerleşýän ZIN in No(o)rd taslamasy üçin Belgiýanyň Jaspers-Eyers Architects arhitektura studiýasyna berildi.

Bu karar Geňeşiň Torontoda geçirilen halkara konferensiýasynda resmi taýdan yglan edildi. 24 ýurtdan gelen öňdebaryjy arhitektorlardan, inženerlerden we şähergurluşyk hünärmenlerinden ybarat eminler topary ýeňijini durnukly tehnologiýalaryň we binagärlik innowasiýalarynyň özboluşly utgaşmasy üçin saýlady.
ZIN in No(o)rd — bu 1970-nji ýyllarda gurlan ofis diňleriniň durkuny täzeläp, olary häzirki zaman dik ekoulgama öwürmek arkaly döredilen 111 metr beýiklikdäki toplumdyr. Binada ofisler, ýaşaýyş jaýlary, myhmanhana we jemgyýetçilik giňişlikleri ýerleşýär. Arhitektorlar öňki iki diňi täze üçünji bina bilen birleşdirip, oňa ýaşyl zolaklary we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary goşdular.
Taslama häzirki zaman dik şäherleşmäniň ýörelgelerini — durnuklylygy, amatlylygy we innowasiýany şöhlelendirýär. Durkuny dikeltmek işinde asyl gurluşyň takmynan 85%-i (özeni we ýerzemin derejeleri bilen birlikde) saklanyp galdy, materiallaryň bolsa 60%-den gowragy gaýtadan ulanyldy.
Bu çözgüt uglerod yzyny ep-esli azaltmaga mümkinçilik berdi hem-de Ýewropada binalaryň durkuny täzeden dikeltmekde täze ekologik standarty döretdi.


20.11.2025 11:14
3k+

Belgiýada kömelekden gaplamalar öndürilip başlandy

Brýusselde kömelek damarlaryndan (miseliýden) gaplama öndürýän Permafungi fabrigi işläp başlady. Bu "miko-material" doly dargap bilýär we polietileniň hem-de plastigiň beýleki görnüşleriniň ornuna ulanmak üçin işlenip taýýarlanýar...

27.08.2025 16:03
6.7k+

Belgiýaly adam Lego heýkeljikleriniň dünýäde iň uly kolleksiýasyny ýygnady

Belgiýaly Stiwen wan Daýk Lego heýkeljikleriniň dünýäde iň uly kolleksiýasyny ýygnady. Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri onda 11 803 predmeti hasaba aldy. Bu öňki rekord eýesiniňkiden iki müň heýkel köpdür...

25.08.2022 13:30
20k+

17 ýaşynda tutuş dünýäni aýlanan iň ýaş uçarman boldy

Belgiýaly Mak Ruterford tutuş dünýä boýunça syýahaty amala aşyran iň ýaş uçarman boldy. Bu barada Bolgariýanyň milli radiosynyň maglumatyna salgylanyp, "TASS" habar berýär. Makyň syýahaty şu ýylyň martynda Bolgariýanyň...

şu gün 15:51
693

ChatGPT-niň içinde programmalar dükany peýda boldy

OpenAI kompaniýasy gönüden-göni ChatGPT çat-botunyň interfeýsine girizilen programmalaryň katalogyny hödürledi. Täze çözgüt ulanyjylara çatdan çykmazdan üçünji tarap hyzmatlaryny birikdirmäge, aýdym-sazy dolandyrmaga ýa-da resminamalar bilen işlemäge mümkinçilik berýär diýip, The Verge ýazýar...