Serdar Berdimuhamedow 10 sany ýaş aýdymçyny Bitaraplygyň ýubileý nyşanlary bilen sylaglady

  • 18.12.2025 09:56
  • 12k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaş aýdymçylary «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Karara çekdi.

Kararda bellenilişi ýaly, sylaglar ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işleriň, agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, milli däp-dessurlarymyzyň, gadymy gymmatlyklarymyzyň, özboluşly medeni mirasymyzyň ähmiýetini döwrebap aýdym-sazlaryň üsti bilen mynasyp wasp etmäge goşan uly goşantlaryny nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli gowşuryldy.
Ýurdumyzyň şu ýaş estrada we höwesjeň aýdymçylaryny «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglanyldy:

  • «Türkmengaz» döwlet konserniniň Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar müdirliginiň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» folklor toparynyň ýokary derejeli artist-wokalisti Göwher Döwletmämmedowna Hojimyradowa,
  • Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 4-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Döwran Muradowiç Şammyýew,
  • Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Bägül Döwletgeldiýewna Maşadowa,
  • Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň kömekçi toparynyň artisti Rahymgeldi Kakowowiç Kyýasow,
  • Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni miras fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Serdar Turanowiç Çaryýew,
  • Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň orkestr saz gurallary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Munisa Žasurbekowna Hudaýbergenowa,
  • Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Güljemal Taýlyýewa,
  • Türkmen döwlet maliýe institutynyň bank işi fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Mähri Wepaýewna Hojakowa,
  • Ahal welaýat Medeniýet merkeziniň estrada orkestriniň 2-nji derejeli artisti Şatlyk Bäşimmyradowiç Gurbannazarow,
  • Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Gözel Guwançewna Hojaýewa.

şu gün 11:24
1.6k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.5k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

15.06.2026 21:13
3.8k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

15.06.2026 15:47
9.4k+

Türkmenistanda howa ýagyşly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....