Göwher Hojimyradowa 2025-nji ýylda “Ýylyň parlak ýyldyzy” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

  • 18.12.2025 09:49
  • 9.1k+

17-nji dekabrda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň netijeleri, esasan, tomaşaçylaryň berýän seslerine gönüden-göni baglydyr. 
Eminler hökmünde teletomaşaçylardyr radiodiňleýjiler çykyş etdiler. Olar ýaş ýerine ýetirijileriň zehinine, ussatlygyna baha berip, tapawutlanan aýdymçy üçin SMS ibermek we jaň etmek arkaly ses berdiler. Iň tapawutlanan 10 aýdymçy jemleýji tapgyra gatnaşmaga saýlanyp alyndy.
«Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň şertlerine görä, oňa gatnaşyjylaryň hersi iki aýdym ýerine ýetirdiler. Olaryň biri sazsyz bolup, onda aýdymçylaryň sesiniň arassalygyna, owazyna üns berildi.
Birnäçe sagatlap dowam eden çykyşlardan soňra, meşhur artistler öz pikirlerini beýan edip, ýaş kärdeşlerine halypalyk maslahatlaryny berdiler. Şunuň bilen birlikde, ses berişlik hem dowam etdi.
Tomaşaçylaryň SMS arkaly iberen sesleri sanalandan soňra, alypbaryjylar bäsleşigiň jemlerini yglan etdiler we baýrak gowşurmak dabarasy boldy. Şunlukda, 2025-nji ýylda “Ýylyň parlak ýyldyzy” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi Göwher Hojimyradowa boldy we oňa göçme kubok hem-de gymmat bahaly sowgat gowşuryldy. Baş baýrakdan başga-da, bäsleşikde birinji, ikinji we üçünji orunlar göz öňünde tutuldy. Baýrakly orunlary eýelänleriň ählisine degişli diplomlar, ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşan ýaş estrada we höwesjeň aýdymçylar “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy” atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglanyldy.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guralan şu gezekki bäsleşige ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden tomaşaçylar köpçüliginiň öňünde öz ussatlygyny görkezmek isleýän 17 — 35 ýaş aralygyndaky zehinli ýaş estrada aýdymçylary gatnaşdylar.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.6k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.6k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......