Arheologlar Müsüriň kenarynda 2000 ýyllyk "ýahta" tapdylar

  • 17.12.2025 16:35
  • 9.7k+

Ýewropanyň Suwasty Arheologiýa Institutynyň (IEASM) ylmy işgärleri takmynan 2000 ýyl mundan ozal Aleksandriýa portunyň golaýynda gark bolan gezelenç gämisiniň galyndylaryny tapdylar. Gurluşy we maksady boýunça bu tapyndyny häzirki zaman superýahtalary bilen deňeşdirip bolýar.

Gadymy awtorlaryň işlerinde şeýle gämiler barada köp sanly maglumatlar duş gelse-de, alymlar şu wagta çenli olaryň hiç biriniň galyndylaryny tapmandylar diýip, IEASM-iň ýolbaşçysy Frank Goddio habar berdi. Ol gäminiň biziň eýýamymyzyň 365-nji ýylda bolan güýçli ýertitremesi wagtynda heläkçilige uçrap, suwa batandygyny çaklaýar.
Uzynlygy 28 metr bolan gäminiň galyndylary 7 metr çuňlukda, galyň çökündi gatlagynyň aşagynda gizlenip ýatan ýerinden tapyldy. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, "ýahtanyň" asyl uzynlygy 35 metr, ini bolsa 7 metr bolupdyr. Gäminiň düýbi tekiz bolup, ol diňe saý suwly ýerlerde ýüzmek üçin niýetlenipdir. Ony 20 sany kürekçi herekete getiripdir.
Gadymy çeşmelere görä, diňe örän baý adamlaryň, şol sanda Ptolemeýler nesilşalygynyň wekilleriniň ýa-da ýokary derejeli döwlet işgärleriniň satyn alyp bilýän şeýle gämilerinde köplenç kaşaň otaglar (kaýutalar) bolupdyr.


07.06.2026 20:06
3.4k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.8k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 11:11
3.1k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......

28.05.2026 18:03
7k+

Adamzadyň taryhynda iň uly kürekli gämi Gadymy Müsürde gurlupdyr

Biziň eýýamymyzdan öňki III asyrda Gadymy Müsürde Tessarakontera gämisi guruldy, ol şu güne çenli taryhdaky “gara güýç” bilen işledilýän iň uly gämi hasaplanýar....