Meraýýa Keri 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyşynda çykyş eder

  • 17.12.2025 12:33
  • 2.7k+

Amerikaly aýdymçy Meraýýa Keri 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda çykyş eder diýip, Oýunlaryň guramaçylyk komiteti öz resmi sahypasynda yglan etdi. Çäre 6-njy fewralda Milandaky meşhur “San-Siro” stadionynda geçiriler.

“Özüne mahsus gaýtalanmajak sesi hem-de nesilleri we medeniýetleri birleşdirýän saz mirasy bilen bütin dünýäde tanalýan Meraýýa Keri Oýunlaryň emosional ruhuny ajaýyp beýan edýär” — diýlip, metbugat beýanatynda bellenilýär.

2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy formaty boýunça özboluşly bolar. Oýunlaryň taryhynda ilkinji gezek dabaraly çäre bir wagtyň özünde dört ýerde: Milandaky “San-Siro” arenasynda, şeýle hem Kortina-d’Ampessoda, Liwinýoda we Predassoda geçiriler. Guramaçylar dabaranyň esasy temasy hökmünde "Sazlaşygy" (Harmony) saýlap aldylar.
Meraýýa Keri bäş gezek "Grammy" baýragynyň eýesidir. Onuň saz karýerasy 1990-njy ýylda başlandy. Şondan bäri aýdymçy 200 milliondan gowrak albomyny we aýdymlaryny satdy. Bu görkeziji ony saz taryhynda täjirçilik taýdan iň üstünlikli ýerine ýetirijileriň birine öwürdi. Onuň iň meşhur kompozisiýalarynyň arasynda “Without You”, “My All” we “All I Want for Christmas Is You” ýaly aýdymlar bar.
Ýatladyp geçsek, 2024-nji ýylda Parižde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda Selin Dion we Ledi Gaga dagy çykyş edip, hersi bir aýdymy ýerine ýetiripdiler.


düýn 20:10
6.1k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

20.06.2026 20:28
15k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......