Türkmenistanda harby okuw mekdeplerine 2026‑2027 okuw ýyly üçin kabul edişlik yglan edildi

  • 17.12.2025 11:43
  • 12k+

Türkmenistanyň Goranmak ministrligi 2026‑2027 okuw ýyly üçin Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby instituta hem-de ýöriteleşdirilen harby okuw mekdeplerine kabul edişligiň başlanandygyny yglan etdi.

Harby instituta kabul edişlik
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby instituta orta bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Okuwyň möhleti 5 ýyl.
Bäsleşige gatnaşmaga 24 ýaşyna çenli çagyryş boýunça harby gullukdan geçen ýa-da meýletin gulluga girmäge isleg bildirýän erkek raýatlar kabul edilýär. Şeýle hem Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen harby okuw mekdepleriniň 25 ýaşyna çenli bolan uçurymlary hem-de şertnama esasynda gulluk edýän 24 ýaşyna çenli harby gullukçylar kabul edilmäge hukuklydyr.
Dalaşgärler 2026-njy ýylyň 1-nji maýyna çenli ýaşaýan ýerindäki ýerli harby wekillige arza tabşyrmalydyrlar. Giriş synaglary matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça geçirilýär, şeýle hem beden taýýarlygy boýunça goşmaça şertler göz öňünde tutulýar. Synaglaryň hemmesi türkmen dilinde geçirilýär.
Okuwa kabul edilen harby talyplar umumy ýaşaýyş jaýy, harby lybas we okuw gollanmalary bilen üpjün edilýär, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilen tertipde we möçberde talyp hakyny alýarlar.

Ýöriteleşdirilen harby okuw mekdeplerine kabul edişlik
Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen harby okuw mekdeplerine 2026-njy ýylda orta mekdepleriň 8-nji synpyny tamamlan, 14‑15 ýaşly oglanlar kabul edilýär. Okuwyň möhleti 4 ýyl.
Arzalar 2026-njy ýylyň 1-nji maýyna çenli ýerli harby wekillikleriniň üsti bilen kabul edilýär. Dalaşgärler orta mekdebiň 8-nji synpynyň okuw maksatnamasyna laýyklykda derslerden synag tabşyrýarlar, şeýle hem türkmen dilinden diktant ýazýarlar. Giriş synaglary türkmen dilinde geçirilýär.
Harby okuw mekdepleriniň okuwçylary umumy ýaşaýyş jaýy, harby lybas we okuw serişdeleri bilen üpjün edilýär. Olar günde dört gezek naharlanýarlar. Okuw maksatnamasy okuw sapaklaryny, harby-terbiýeçilik çärelerini, okuwdan daşary işleri, nobatçylyk gullugyny, beden taýýarlygyny we çuňlaşdyrylan başlangyç harby taýýarlygy öz içine alýar.
Kabul etmegiň şertleri we gerekli resminamalar barada giňişleýin maglumat ýaşaýan ýeriňizdäki ýerli harby wekillikde berilýär.
Kabul etmegiň doly tertibi bilen 2025-nji ýylyň 16-njy dekabrynda çap edilen «Türkmenistan» gazetinde tanşyp bilersiňiz.


01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......