Sanly hyzmatlary eksport edýän iň iri ýurtlaryň sanawy düzüldi: bazaryň göwrümi 4,8 trillion dollara ýetdi

  • 17.12.2025 11:24
  • 2.2k+

Geçen ýyl dünýäde sanly hyzmatlaryň eksporty 4,8 trillion dollara ýetdi. Bu görkeziji global hyzmatlar eksportynyň umumy göwrüminiň üçden iki böleginden gowragyny düzýär. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä düzülen 30 sany öňdebaryjy ýurduň sanawynda ABŞ birinji orny eýeledi. Amerikanyň sanly eksporty 741 milliard dollara ýa-da dünýäniň umumy eksportynyň 15%-ine deň boldy.

Sanly eksport kategoriýasyna Amazon kompaniýasynyň ägirt uly bulut (cloud) biznesi, Spotify-yň striming hyzmaty, Meta we Google-yň mahabat platformalary, onlaýn bilim, maliýe hyzmatlary hem-de beýleki uzak aralykdan amala aşyrylýan hyzmatlar girýär.
Beýik Britaniýa 488 milliard dollarlyk satuw bilen sanawda ikinji orny eýeledi. Ýurtda takmynan 3,2 million iş ornunyň göni tehnologiýa we maliýe pudaklary arkaly sanly eksport bilen baglanyşyklydygy bellenilýär.
Irlandiýa 425 milliard dollarlyk sanly hyzmat eksporty bilen üçünji orunda durýar. Irlandiýanyň görkezijileri bir ýylyň içinde 24% ösdi — bu dünýäniň iň uly eksportçylarynyň arasynda iň ýokary ösüş depginidir. Ýurduň satuw möçberiniň beýle ýokary bolmagy Google ýaly iri tehnologiýa ägirtleriniň Ýewropadaky baş edaralarynyň (headquarters) hut şol ýerde ýerleşýänligi bilen düşündirilýär.


14.06.2026 15:10
1.3k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.3k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......