Pikassonyň "Aýalyň kellesi" atly kartinasy haýyr-sahawat lotereýasynda oýnalar

  • 17.12.2025 11:02
  • 3.7k+

2026-njy ýylyň 14-nji aprelinde "100 ýewro bir Pikasso" (1 Picasso for 100 Euros) atly halkara haýyr-sahawat çäresi geçiriler diýip, Hypebeast neşiri habar berýär. Çäräniň baş baýragy — Pablo Pikassonyň 1941-nji ýylda döreden "Aýalyň kellesi" ("Tête de femme") atly eseri bolar.

Gatnaşyjylar bary-ýogy 100 ýewro lotereýa petegini satyn alyp, takmynan bahasy 1,1 million dollar bolan eseri utup almak mümkinçiligine eýe bolarlar.
Bu eser guaş boýagy bilen çal öwüşginlerde çekilen portretdir. Onda suratkeşiň ylham berijisi we söýgülisi Dora Maar şekillendirilýär, olar 1936-njy ýylda tanşypdyrlar.
Petek satuwyndan gelip gowşan serişdeler Alsgeýmer keselini öwrenmek bilen meşgullanýan Fransuz gaznasyna (Fondation Recherche Alzheimer) geçiriler.
2026-njy ýyldaky utuşly oýun hasap boýunça üçünji bolar. 2013-nji ýyldaky ilkinji lotereýada pensilwaniýaly Jeffri Gonano "Kotelokly adam" ("L'Homme au Gibus") atly eseri utupdy. 2020-nji ýylda bolsa italiýaly Klaudiýa Borgonýo "Natýurmort" ("Nature Morte") kartinasynyň eýesi bolupdy.

şu gün 12:35
1.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 22:10
2.6k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.6k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......