“San-Hose” galeonyndan ilkinji artefaktlar çykaryldy: hazynanyň bahasy 17 mlrd dollar bahalandyrylýar

  • 16.12.2025 19:07
  • 5.4k+

Kolumbiýa 1708-nji ýylda gark bolan “San-Hose” ispan galeonyndan (gämisinden) ilkinji artefaktlary çykardy. Bu rowaýaty gämi, gark bolan gämileriň arasynda “Mukaddes Graal” diýlip atlandyrylýar. Häzirki zaman hasaplamalaryna görä, kolonial baýlyklary daşaýan onuň ýüküniň umumy bahasy 17 milliard dollara ýetip biler.

Suwasty robotyň kömegi bilen deňziň düýbünden üç sany altyn we bürünç teňňe, bir bürünç top we iki sany dürli stilli farfor kubogy çykaryldy. Şeýle-de, agaç bölekleri, ýüpler we deňiz düýbüniň çökündileri ýaly nusgalar ýygnaldy. Ähli zatlar arheologik we taryhy gözlegler merkezi bilen Kolumbiýanyň Milli muzeýinde saklamak üçin tabşyryldy.
“San-Hose” Kolumbiýanyň kenar ýakasynda 2015-nji ýylda tapyldy. Takmynan 600 metr çuňlukda ýatan gämi, ispan mirasy ugrundaky uruş döwründe iňlis floty bilen bolan söweşiň netijesinde gark bolupdy.
Galeonyň bortunda 200 tonna golaý altyn, kümüş we çig gymmatbahaly daşlar bardy – bular Latyn Amerikasyndaky ispan koloniýalarynda on ýylyň dowamynda ýygnalan salgytlardy.
Kolumbiýa bilen Ispaniýanyň arasynda gark bolan gämä we onuň içindäki zatlara eýeçilik hukugy barada 10 ýyl bäri jedel dowam edýär. Kolumbiýa tarapy tapyndylary taryhy gymmatlyk hökmünde saklamak meýilnamalaryny yglan etdi. Artefaktlary ýokary galdyrmak boýunça işler we olaryň mundan beýläk öwrenilmegi dowam etdiriler.

şu gün 12:35
1.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 22:10
2.6k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.6k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......