Ferrari-niň "çörek maşyny" italiýaly konstruktoryň hormatyna dikeldiler

  • 16.12.2025 18:47
  • 3.5k+

ErreErre Fuoriserie firmasy ForGiotto atly adaty bolmadyk taslamanyň üstünde işläp başlandygyny yglan etdi. Bu wintaž sportkar meşhur dizaýner we konstruktor Jiotto Bizzarrinä bagyşlanandyr.

Geljekki täze awtoulagyň daşky görnüşi Bizzarrini tarapyndan 1960-njy ýyllaryň başynda "Le Man" ýaryşlaryna gatnaşmak üçin dizaýn edilen, Ferrari 250 GT Breadvan ("çörek maşyny") özboluşly ýaryş awtoulagyny  ýatladýar.
ForGiotto-nyň Breadvan-yň takyk nusgasy bolman, eýsem onuň häzirki zaman interpretasiýasy bolmagyna garaşylýar. Yzky bölegi asyl nusgasyndakydan az burçly edilse-de, awtoulagyň öň tarapy Bizzarrininiň beýleki işlerini, esasanam Bizzarrini 5300 GT modelini ýatlatmak üçin üýtgedildi. Kuzow panelleri üçin elde ýasalmagy meýilleşdirilýän alýumin listleri ulanylar. Salonda hem alýumin, deri we agaç bezegleri bolar.
V12 hereketlendirijili asyl Breadvan-dan tapawutlylykda, ForGiotto üçin inženerler Chevrolet-dan dört sany karbüratorly, kuwwaty 400 at güýjünden geçmäge ukyply 5,4 litrlik V8 hereketlendirijisini taýýarladylar. Motor dört basgançakly mehaniki tizlik gutusy bilen bilelikde işlär.
ErreErre taslamasynyň ilkinji bäş nusgasynyň esasyny, Bizzarrininiň birnäçe modeliniň işlenip düzülmegine gatnaşan Iso markasynyň asyl şassisi düzýär. Kompaniýanyň wintaž ätiýaçlyk şaýlarynyň birnäçe toplumyny satyn alyp bilendigi aýdylýar. Seriýanyň galan awtoulaglary has döwrebap platformalara esaslanar.
ForGiotto-nyň bahasy 690 müň ýewrodan az bolmaz.


24.06.2026 18:36
4.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......