The Game Awards 2025-de ýylyň oýny Clair Obscur: Expedition 33 boldy

  • 14.12.2025 21:25
  • 2k+

Los-Anjelesde geçip barýan ýylyň iň gowy oýunlaryny tapawutlandyrýan The Game Awards 2025 baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Esasy baýrak eýesi Sandfall Interactive fransuz studiýasynyň ilkinji taslamasy – fentezi, ädimleýin, rol oýny Clair Obscur: Expedition 33 boldy.

Oýun diňe bir «Ýylyň oýny» kategoriýasynda ýeňiş gazanman, eýsem birbada dokuz baýrak alyp, täze rekord goýdy. Öňki rekord ýedi baýraga mynasyp bolan The Last of Us Part II oýnuna degişlidi.
Clair Obscur: Expedition 33 ýylyň oýny, iň gowy RPG, iň gowy indi-oýun we iň gowy ilkinji indi-oýun diýlip ykrar edildi. Mundan başga-da, eminler oňa režissýorlyk, sýužet, wizual stil, saundtrek we aktýorlyk oýny üçin ýokary baha berdi.
Şol bir wagtyň özünde, köp kategoriýalarda dalaşgär görkezilen birnäçe oýun baýraksyz galdy. Olaryň arasynda Death Stranding 2: On the Beach (ýedi nominasiýa), Ghost of Yotei (ýedi), Split Fiction (dört) we Kingdom Come: Deliverance 2 (üç) oýunlary bar.
Esasy kategoriýalarda The Game Awards 2025-iň beýleki laureatlary:

  • ·Iň gowy hereketli oýun – Hades 2;
  • ·Iň gowy başdangeçirme ekşeni – Hollow Knight: Silksong;
  • ·Iň gowy faýting – Fatal Fury: City of the Wolves;
  • ·Iň gowy strategiýa / Iň gowy simulýator – Final Fantasy Tactics — The Ivalice Chronicles;
  • ·Iň gowy sport/ýaryş oýny – Mario Kart World;
  • ·Iň gowy maşgala oýny – Donkey Kong Bananza;
  • ·Iň gowy VR/AR oýny – The Midnight Walk;
  • ·Iň gowy adaptasiýa – The Last of Us-yň ikinji möwsümi;
  • ·Iň köp garaşylýan oýun – Grand Theft Auto VI;
  • ·Iň gowy mobil oýny – Umamusume: Pretty Derby;
  • ·Iň gowy kibersport oýny – Counter-Strike 2;
  • ·Iň gowy kibersport topary – Team Vitality (Counter-Strike 2);
  • ·Iň gowy kiber-türgen – Çon Chovy Jihun (League of Legends).
şu gün 12:35
1.6k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 22:10
2.6k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.6k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......