Londonda bug bilen işleýän Roždestwo otlusy işe girizilýär

  • 14.12.2025 10:56
  • 9.4k+

Londonda Roždestwonyň öňüsyrasynda bug bilen işleýän Roždestwo otlusy demir ýollara çykar. Otly 1951-nji ýylda gurlan we britan demirýol romantikasynyň nyşanyna öwrülen «Britaniýa» lokomotiwine tirkeler diýip, Kazinform habar berýär.

Syýahat 90 minut dowam eder: otly paýtagt boýunça aýlanyp, Wiktoriýa wokzalyna gaýdyp geler. Retro-wagonlarda ýolagçylary Santa Klaus we onuň elfleri garşy alar. Myhmanlar üçin mini-sahnalar, aýdymdyr sazlar we ulular hem çagalar üçin niýetlenen interaktiw çykyşlar taýýarlandy.
Kiçijik ýolagçylara sowgatlar, öwrediji toplumlar, süýjülikler we içgiler garaşýar. Ulular ýaňyja demlenen çaýdan ýa-da kofeden lezzet alyp, içi miweli Roždestwo pirogyny dadyp görüp biler.
Roždestwo otlusy 20 – 22-nji dekabrda hereket eder. Guramaçylar hyzmatyň üç derejesini hödürleýär. Adaty orunlar – umumy wagonda. Stoly bolan has rahat orunlar wintaž çyraly we perdeli salonda ýerleşýär. Iň ýokary dereje ýokary gizlinlik we rahatlyk bilen aýratyn kupeni göz öňünde tutýar.
Syýahatyň bahasy saýlanan hyzmat derejesine baglylykda 55 funt sterlingden 600 funt sterlinge ýetýär. 


11.05.2026 15:25
1.5k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.6k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......

29.04.2026 13:40
927

Britaniýanyň Teýt galereýasynda 1990-njy ýyllaryň sungaty we modasy barada giň gerimli sergi açylar

Britaniýanyň Teýt galareýasy  1990-njy ýyllaryň medeni dünýäsine bagyşlanan “The 90s: Art and Fashion” atly serginiň geçirilýändigini bildiriş etdi. 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 14-nji......

29.04.2026 12:09
2.9k+

Isleg barka, çäk ýok: Riçard Waýthed protez bilen marafonda dünýä rekordyny döwdi

Britaniýaly türgen we iki gezek paralimpiýa çempiony Riçard Waýthed iki aýagy hem amputirlenen türgenleriň arasynda marafonda täze dünýä rekordyny goýdy. London marafonynda ol aralygy 2 sagat 40 minut 25......