Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda baýramçylyk konserti boldy

  • 13.12.2025 17:03
  • 5.7k+

12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Oňa Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda geçirilen halkara çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary bilen bilelikde gatnaşdy.

Baýramçylyk konsertinde Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine, Kerim Berdimuhamedowyň sazyna döredilen “Ak şäherim Aşgabat” atly aýdym ýaňlandy.
Konserte gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna berlen baha hökmünde kabul edildi. Şunda estrada aýdymçylarynyň, teatr artistleriniň, tans we folklor toparlarynyň sazlaşykly çykyşlarynyň dabara özboluşly öwüşgin çaýandygyny bellemek gerek. Çykyşlarda halkymyzyň bähbidine amala aşyrylýan işler, ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşleri, ähli ugurlar boýunça ýetilen sepgitler çeper beýan edildi.
Däp bolşy ýaly, şanly senäniň hormatyna guralan konsertde küştdepdi tansy ýerine ýetirildi. Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine we sazyna döredilen “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly joşgunly aýdym baýramçylyk konsertiniň jemlenmesine öwrüldi. Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli baýramçylygyň hormatyna guralan konsert ýakymly pursatlara baý boldy.
Aşgabadyň nurana agşamlarynda asuda asmany ýagtylandyran älemgoşar öwüşginli feýerwerk giňden ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralaryny jemledi.


şu gün 01:36
669

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

düýn 14:06
5.5k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

düýn 14:01
5.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 10:55
6.5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....