BMW baş direktoryny çalyşdy

  • 11.12.2025 18:28
  • 4k+

BMW konserni täze baş direktoryň bellenendigini habar berdi. 2026-njy ýylyň ýazynda bu wezipäni eýeleýän Oliwer Sipseniň ornuna Milan Nedelkowiç geçer.

Kompaniýanyň täze ýolbaşçysynyň asly Serbiýadan we ol 56 ýaşynda. Ol konsernde 1993-nji ýyldan bäri işleýär. 2019-njy ýyldan bäri BMW Group-yň önümçilik bölüminiň ýolbaşçysy wezipesini eýeleýär we müdirler geňeşiniň düzümine girýär.
Kompaniýa Nedelkowiçiň BMW-niň ýolbaşçysynyň wezipe borçlaryna 2026-njy ýylyň 14-nji maýynda girişjekdigini belledi.
Konserniň häzirki ýolbaşçysy Oliwer Sipse BMW-de 35 ýyl işläninden soň işden gider. Ol konserne 2019-njy ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýär. BMW-niň synçy geňeşi oňa BMW Group-da gazanan üstünlikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.
Ýolbaşçylygyň çalşylmagy BMW-niň satuw barada oňyn hasabat beren döwründe bolup geçýär. 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde konsern bütin dünýäde 588,3 müň ulag satdy, bu bolsa 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8,8% köpdür. Kompaniýa Ýewropa bazarynda islegiň 9,3% we ABŞ-nyň bazarynda 24,9% ösüşini hasaba aldy.
Ýanwar aýyndan sentýabr aýy aralygynda BMW-e girýän ähli brendleriň satuwy 1 795 894 ulag boldy, bu bolsa geçen ýylyň 9 aýyndaky görkezijiden 2,4% köpdür.
Şeýle-de, BMW üçünji çärýekde arassa girdejiniň 256,5% ýokarlanyp, 1,697 mlrd ýewro ýetendigini habar berdi. Şol bir wagtyň özünde, üç çärýegiň jemi boýunça konserniň arassa girdejisi 6,8% azalyp, 5,712 mlrd ýewro boldy. 


18.06.2026 10:58
3.4k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......