Aşgabatda «Jan Watanym Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

  • 10.12.2025 11:14
  • 3k+

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Adalat» gazetiniň redaksiýasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde yglan eden «Jan Watanym Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Bäsleşik Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe mähriban Watanymyzda gazanylýan üstünlikleri giňden wagyz etmek, ýaş hünärmenleriň we talyp ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak we olaryň döredijilik zehinlerini kämilleşdirmek, şeýle-de täze gözleglere we üstünliklere ruhlandyrmak maksady bilen guraldy.
Bäsleşige gatnaşan birnäçe türkmen ýaşlarynyň arasyndan ýörite döredilen eminler topary tarapyndan 20 sany ýaş hünärmenler we talyp ýaşlar bäsleşigiň ýeňijileri hökmünde saýlandy. Ýeňijiler Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.6k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.6k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......