Balkan welaýaty boýunça Türkmenistanyň Gran-pri küşt ýaryşynyň finalyna çykanlar belli boldy

  • 10.12.2025 10:31
  • 3.3k+

Awazada küşt boýunça Gran-pri ýaryşynyň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry tamamlandy. Oňa 138 adam gatnaşdy.

Ýaryş ilkinji göçümden başlap, her göçüm üçin 30 sekund goşmak bilen, her oýunça her döw üçin 90 minut wagt berilýän şweýsar usulynyň düzgünleri boýunça 9 tapgyrda geçirildi. Ýaryş halkara FIDE görkezijisini hasaplamak bilen geçdi.
Görkezijisini ýokarlandyrmak hem-de ýylyň esasy ýaryşyna gatnaşmak üçin hukuga eýe bolmak ugrunda açyk toparda 95 we zenanlaryň toparynda 43 küştçi bäsleşdiler.
Erkekler bilen deň hatarda zenanlar hem gatnaşdyrylýan açyk toparda Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň baş sekretary Mergen Kakabaýew birinji orny eýeledi. Ol geçirilen 9 döwlerde Lebabyň küştçüleri Şageldi Gurbandurdyýewden we Sanjar Gaýbullaýewden ýarym utuk öňe saýlanyp, 7,5 utuk toplady. Lebap welaýatynyň küştçüleri degişlilikde ikinji we üçünji orunlary eýelediler. 
Zenanlaryň toparynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň dil taýýarlygy fakultetiniň talyby Leýla Şöhradowa hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdy. Ol häzirki Gran-pri ýaryşynyň Balkan welaýat tapgyryna çenli Daşoguz welaýat tapgyrynda mümkin bolan iň ýokary utuk möçberi bolan 9 utukdan 9-syny-da toplap hem-de Mary welaýat tapgyrynda 8,5 utuk netije gazanmak bilen ýeňiş gazandy. Bu gezek oňa ýeňiş üçin 8 utuk hem ýeterlik boldy.
Ikinji orny 7 utugy bolan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby Ogulsuraý Baýrambaýewa eýeledi. Şonça möçberdäki utugy «Küşt Älemi» akademiýasyndan Nurana Söýünowa hem toplady, ýöne, goşmaça görkezijiler boýunça ol üçünji orna mynasyp boldy.
Türkmenistanyň Küşt federasiýasy tarapyndan döredilen küşt boýunça «Gran-pri 2025» atly ýaryşy şu ýyl ilkinji gezek geçirilýär. Ýaryşyň bu görnüşi final tapgyryna gatnaşjak 16 küştçüleri belli etmek üçin welaýatlaryň hersinde bir, jemi – bäş tapgyryň geçirilmegini özünde jemleýär. Jemleýji, final tapgyr 13 – 21-nji dekabr aralygynda Aşgabatda geçiriler. Iň oňat netijeli küştçüleriň üçüsiniň jemi hasaba alnyp, şolaryň jemleri boýunça Gran-pri görkezijisinde umumy utuklaryň möçberi kesgitlenilýär. Jemleýji netije boýunça finalçylar kesgitlendiler.
Açyk toparda: 

  1. Mergen Kakabaýew – 23 utuk, Türkmenistanyň Küşt federasiýasy, 1997 ý.d.
  2. Amanmuhammet Hommadow – 23 utuk, Aşgabat, 2006 ý.d.
  3. Wepaly Halynyýazow – 21 utuk, Aşgabat, 2005 ý.d.
  4. Şahruh Turaýew – 21 utuk, Türkmenistanyň Küşt federasiýasy, 1994 ý.d.
  5. Serdar Baýramow – 21 utuk, Lebap, 2008 ý.d.
  6. Sanjar Gaýbullaýew – 21 utuk, Lebap, 2008 ý.d.
  7. Läle Şöhradowa – 20,5 utuk, Aşgabat, 2006 ý.d.
  8. Şageldi Gurbandurdyýew – 20,5 utuk, Lebap, 2008 ý.d.
  9. Serdar Seýitmyradow – 20,5 utuk, «Küşt Älemi» akademiýasy, 2003 ý.d.
  10. Jahan Rejepowa – 19,5 utuk, Lebap, 2010 ý.d.
  11. Azym Saryýew – 19,5 utuk, Aşgabat, 2007 ý.d.
  12. Azatgeldi Annageldiýew – 19,5 utuk, Aşgabat, 2004 ý.d. 
  13. Zafar Kurýazow – 19 utuk, Daşoguz, 1978 ý.d.
  14. Ilhan Çaryýew – 18,5 utuk, Lebap, 2008 ý.d.
  15. Salyh Annageldiýew – 18,5 utuk, Daşoguz, 2014 ý.d.
  16. Gurbanmyrat Rüstemow – 18,5 utuk, Lebap, 2010 ý.d. finalçylar boldular.

Zenanlaryň toparynda Gran-pri ýaryşynyň final tapgyryna: 

  1. Leýla Şöhradowa – 25,5 utuk, Aşgabat, 2007 ý.d.
  2. Ogulsuraý Baýrambaýewa – 21,5 utuk, Aşgabat, 2003 ý.d.
  3. Gulmira Seýilhanowa – 21 utuk, Lebap, 2008 ý.d.
  4. Eneş Arazmedowa – 20,5 utuk, Aşgabat, 2007 ý.d.
  5. Jennet Ýalkanowa – 20,5 utuk, Mary welaýaty, 2009 ý.d. 
  6. Aýşe Gubataýewa – 19,5 utuk, Aşgabat, 2003 ý.d.
  7. Nurana Söýünowa – 19 utuk, «Küşt Älemi» akademiýasy, 2013 ý.d.
  8. Mährijemal Gurbangeldiýewa – 19 utuk, Aşgabat, 2008 ý.d.
  9. Dilber Hupbyýewa – 17,5 utuk, Daşoguz, 2014 ý.d.
  10. Nebahat Myradowa – 17,5 utuk, Lebap, 2012 ý.d.
  11. Jeren Ibragimowa – 17 utuk, Aşgabat, 2005 ý.d.
  12. Nurana Jumanyýazowa – 17 utuk, Lebap, 2011 ý.d.
  13. Läle Wepaýewa – 16,5 utuk, «Küşt Älemi» akademiýasy, 2015 ý.d.
  14. Enejan Çarygeldiýewa – 16 utuk, Aşgabat, 2016 ý.d.
  15. Humaý Huseýnowa – 16 utuk, Lebap, 2014 ý.d.
  16. Aýnur Batyrowa – 15,5 utuk, Mary welaýaty, 2010 ý.d. geçdiler.

Açyk we zenanlaryň toparyndaky ýaryşlaryň final tapgyrynyň ýeňijileri 2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Ýokary ligasyna göni ýollanmalary alarlar.
Türkmenistanda şu ýyl ilkinji gezek geçirilýän «Gran-pri 2025» atly ýaryşy küşti ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýedir: ol ähli welaýatlardaky küştçülere beýleki şäherlere çykmak zerurlygy bolmazdan yzygiderli ýaryş tejribesine eýe bolmaga mümkinçiligi üpjün edýär hem-de ýurduň iň güýçli oýunçylarynyň dürli welaýatlarda çykyş etmekleri we ýerli türgenlere özleri bilen oýnamaga mümkinçilik bermek üçin şertleri döredýär.


31.03.2026 20:07
11k+

Bangkokdaky ýeňliş Türkmenistany Aziýa Kubogyndan alyp galdy

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy – 2027-niň saýlama tapgyrynyň kesgitleýji duşuşygynda Tailanddan 1:2 hasabynda utulyp, ýaryşyň final tapgyryna çykyp bilmedi. Duşuşyk 31-nji martda......

31.03.2026 16:37
2.1k+

«AŞGABAT» topary küşt boýunça Türkmenistanyň ilkinji toparlaýyn çempionatynda ýeňiji boldy

Türkmenistanyň sport taryhynda küşt boýunça ilkinji toparlaýyn çempionat Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde tamamlandy. Türkmenistanyň Küşt federasiýasy tarapyndan guralan bu bäsleşige......

30.03.2026 13:18
7.9k+

Ähli zat Bangkokda çözüler: Türkmenistan we Tailand Aziýa Kubogy üçin ýollama ugrunda göreşer

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy — 2027-niň saýlama ýaryşynyň «D» toparçasynyň oýnunda Tailand bilen duşuşmaga taýýarlanýar. Garşydaşlar bu aýgytlaýjy duşuşyga deň netije bilen — bäş......

29.03.2026 09:56
3.2k+

Türki döwletleriň ilkinji küşt Olimpiadasyna gatnaşjak Türkmenistanyň ýygyndy topary düzüldi

Aşgabatda küşt boýunça saýlama ýaryşy tamamlandy, onuň netijeleri boýunça türki döwletleriň arasynda geçiriljek ilkinji küşt olimpiadasyna gatnaşjak Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň (16 ýaşa çenli küştçüler)......