Kia kompaniýasy Stinger GT-niň mirasdüşeri bolup biljek täze modeliň tizerini hödürledi

  • 08.12.2025 12:53
  • 3k+

Kia kompaniýasy futuristik görnüşi bilen tapawutlanýan täze model üçin bir topar tizer çykardy. CarBuzz neşiriniň çaklamagyna görä, gürrüň meşhur bäş gapyly Stinger GT sport awtoulagynyň ideologik mirasdüşeri bolup biljek konseptual elektrik ulagy barada gidýär. Ýakynda çykjak modeliň doly hödürlenjek senesi entek yglan edilmedi.

Awtoulag öndürijisi syrly şekilleriň ýanyna şeýle ýazgyny goşdy: "Geljek kölegelerde garaşýar. Biziň göz öňüne getirişimiz tiz wagtda şekile geçer".
Bildirişde "göz öňüne getiriş" (Vision) sözüniň ulanylmagy, hödürlenen prototipiň önümçilik modeli däl-de, konseptual işläp taýýarlamasydygyny görkezýär. Şeýle-de bolsa, hünärmenler bu konsepsiýanyň brendiň önümçilik hatarynyň giňeljekdigine uly yşarat edýändigine ynanýarlar.
Prototip hanjar ýaly sudury aldy, ol kuzowyň sütünleriniň adaty däl bezegi, özboluşly yşyklandyryşy nygtaýar. Konsepsiýanyň daşky görnüşi Stinger GT bilen umumy aýratynlyklary paýlaşmaýar, şonuň üçin mirasdüşerlik diňe ideologiki derejede yzarlanar.
CarBuzz-yň çaklamasy boýunça, täze elektrik awtoulagy EV8 diýlip atlandyrylyp bilner we sport häsiýetli uly, giň model hökmünde satylar. Bu ony häzirki EV6 GT-den bir basgançak ýokarda ýerleşdirer.


09.05.2026 12:43
3.2k+

5 orunlyk Kia PV5 Passenger öndürijiniň garaşanyndan has meşhur bolup çykdy

Kia kompaniýasy Beýik Britaniýada täze PV5 Passenger elektrik furgonynyň bäş orunlyk görnüşine duýdansyz ýokary islegi hasaba aldy....

07.05.2026 11:29
2.8k+

ABŞ-da Kia Sportage modeliniň gibrid görnüşiniň satuwy iki esseden gowrak artdy

Kia kompaniýasy aprel aýynda ABŞ-nyň bazarynda satuwyň az-kem peselendigini hasaba aldy, emma gibrid modellere bolan isleg ep-esli artdy. Bir aýyň dowamynda jemi 72 703 awtoulag satyldy, geçen ýylyň degişli......

20.04.2026 17:11
4k+

Kia we Genesis ýangyç syzma töwekgelçiligi sebäpli 235 müňden gowrak awtomobilini yzyna çagyrýar

Kia we Genesis kompaniýalary ýangyç ulgamynda ýüze çykan kemçilik sebäpli 235 792 sany awtomobili yzyna çagyrmak barada karara geldiler. Bu kemçilik benziniň syzmagyna we netijede ulagyň ot almagyna sebäp......

15.04.2026 10:47
2.6k+

Kia elektromobilleriň rekord satuwyna garamazdan, Sportage bilen Sorento-nyň benzinli görnüşlerini saklap galar

Kia kompaniýasy, heniz isleg barka, meşhur Sportage we Sorento modellerini içinden ýandyrylýan hereketlendirijiler bilen öndürmegini dowam eder....