Netflix 82,7 mlrd dollara Warner Bros.-y we “Garri Potter”, “Tagtlaryň oýny” we DC franşizalary üçin hukuk satyn alýar

  • 08.12.2025 11:33
  • 3.4k+

Netflix akym platformasy 82,7 mlrd dollara Warner Bros. Discovery kompaniýasyny satyn almak barada ylalaşygyň gazanylandygyny habar berdi.

Şertnama tamamlanandan soň, platforma Warner Bros. kinostudiýasyna, HBO we HBO Max kanallaryna, şeýle-de filmleriň we seriallaryň giň toplumyna eýe bolar. Kataloga “Garri Potter”, DC Comics, “Tagtlaryň oýny” we “Soprano” älemi boýunça taslamalar hem-de XX we XXI asyrlarda döredilen köp sanly filmler girýär.
Platforma Warner Bros. Discovery-nyň filmleri kinoteatrda çykarmak tejribesini we häzirki işlerini dowam etdirmek isleýär.
Şertnamany Global Networks bölümçesi kompaniýanyň düzüminden bölünip aýrylandan soň, 12-18 aýyň içinde tamamlamak meýilleşdirilýär. Morgan Stanley analitikleri şeýle uly intellektual eýeçilige elýeterli bolmagyň durnukly girdeji akymyny üpjün etjekdigini belleýär.
Şertnama Ýewropa Bileleşiginiň we Birleşen Ştatlaryň çäginde monopoliýa garşy uly barlagdan geçmeli bolar. Düzgünleşdirijiler bu birleşigi Netflix-iň mediakontentiň döredilmegine we ýaýradylmagyna gözegçiliginiň güýçlenmegi hökmünde kabul edip biler.
Mundan başga-da, Golliwud aktýorlarynyň topary satyn almaga ýol bermezlik çagyryşy bilen Kongrese hat iberdi. Hatyň awtorlary Netflix-iň täsiriniň artmagynyň kinoteatr relizleriniň azalmagyna we filmleriň kinoteatrlarda görkezilýän ýa-da beýleki platformalara satylýan döwürlerinde girdejileriň azalmagyna getirip biljekdigini nygtaýar. 


düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......