Türkmenistanda emeli aň tehnologiýalaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerine bagyşlanan maslahat geçirildi

  • şu gün 12:29
  • 1.8k+

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde utgaşykly görnüşde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan «Emeli aňyň milli tehnologiýalary – Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň innowasion guraly» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahata ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy edaralaryň wekilleri, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar. Daşary ýurtlaryň öňdebaryjy uniwersitetleriniň we kompaniýalarynyň hünärmenleri maslahata onlaýn görnüşde goşuldylar. Olaryň hatarynda Sejon uniwersitetiniň professory Seon Çžu Kan (Koreýa), INTI Halkara uniwersitetiniň professory Rajermani Thinakaran (Malaýziýa), Grassk tehniki uniwersitetiniň professorlary Ýan Hansen we Dewid Pommerenke (Awstriýa), Nihon uniwersitetiniň professory Rýota Takahaşi (Ýaponiýa), «Evatherm» kompaniýasynyň baş inženeri Mendi Hassan (Şweýsariýa), Tenaga Milli uniwersitetiniň wise-premýeriniň orunbasary professor Abdul Aziz Bin Mat Isa (Malaýziýa) bar.
Daşary ýurtly gatnaşyjylar çykyş edip, Türkmenistanyň ykdysadyýetinde we durmuş ulgamynda emeli aň tehnologiýalaryny ösdürmäge degişli oňyn tekliplerini beýan etdiler.
Daşary ýurtly alymlaryň belleýişleri ýaly, emeli aňyň ösdürilmegi möhüm ugur bolup, dünýä bazarynda ykdysady ösüşleri tiz gazanmak üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Emeli aňyň kömegi bilen energetika, oba hojalygy, ulag we logistika, lukmançylyk, senagat ýaly möhüm pudaklar we hatda döwlet dolandyrylyşy hem täze derejä çykarylýar. Netijeli hyzmatlar, intellektual seljeriş ulgamlary hem-de maglumat akymlarynyň awtomatik işlenilmegi önümçiligi tizleşdirýär, çykdajylary azaldýar we strategik çözgütleri kabul etmegiň takyklygyny ýokarlandyrýar.
Çykyşlarda Türkmenistanda emeli aň tehnologiýalaryny giň gerimli ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Ýurduň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak syýasaty, maglumat tehnologiýalary ulgamyndaky milli taslamalar, ýokary okuw mekdeplerde okuwlaryň täze ugurlary, şeýle hem döwlet hyzmatlaryny hödürlemegiň elektron görnüşlerini giňeltmek emeli aňy ösdürmegiň wajyp esaslary hökmünde bellenildi.
Maslahatyň dowamynda gaz desgalarynda, suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň esasynda intellektual suwaryş ulgamlarynda çaklaýyş hyzmatlaryny ornaşdyrmak taslamalaryny durmuşa geçirmek, deňiz menzillerini sanlylaşdyrmak we maglumat merkezlerini döretmek boýunça birnäçe teklipler öňe sürüldi. «Data hub» görnüşde açyk maglumat platformalaryny döretmek hem uniwersitetlerde ýaşlaryň ylmy başarnyklaryny hem-de ylmy barlaglaryny ösdürmek üçin möhüm ädim hökmünde görkezildi.
Şeýle hem maslahatda emeli aň, maglumatlary goramagyň düzgünleri, maglumatlary toplumlaýyn dolandyrmak hem-de halkara hyzmatdaşlygy babatda kadalaşdyryjy ölçegleriň möhümdigine degişli temalar boýunça giňişleýin pikir alşyldy.
Çykyş edenler Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň binýadynda talyplaryň programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak, taslama işlerini ýerine ýetirmek, iki we üç ölçegli nusgalary döretmek, programma üpjünçiligini synag etmek hem-de ylym we bilim ulgamyna degişli maglumatlary gözläp tapmagyň amatlylygy üçin emeli aň tehnologiýalaryny üstünlikli ulanýan emeli aň we maglumat tehnologiýalary barlaghanasyny döretmegiň ähmiýetini bellediler.


04.12.2025 23:54
1.3k+

Google 2027-nji ýylda maglumat merkezlerini kosmosda gurup başlar

Google eýýäm 2027-nji ýylda kosmos giňişliginde maglumat merkezleriniň gurluşygyna başlamagy meýilleşdirýär. Suncatcher atly taslama köp energiýa sarp edýän maglumat merkezlerini elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin Gün energiýasyny has netijeli ulanmagy maksat edinýär diýip, Google-yň baş direktory Sundar Piçai habar berdi...

30.11.2025 22:24
5k+

Türkmenistanyň ýaş startapçylarynyň bäsleşiginiň jemleri jemlenildi

Türkmenistanda «Türkmenistan – mümkinçilikleriň ýurdy» atly ýaş innowatorlaryň bäsleşigi tamamlandy. Ol tehnologiýa, ylym we telekeçilik dünýäsinde özlerini görkezmäge taýýar mekdep okuwçylaryny, talyplary we ýaş mugallymlary birleşdirdi...

26.11.2025 11:15
2.2k+

Türkmen alymlary alunitiň, tozganyň we rozmariniň binýadynda fitomineral bejeriş gelini işläp taýýarladylar

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy «Alunitiň, tozganyň (Taraxacum officinale) we rozmariniň (Rosmarinus officinalis) fitomineral bejeriş geli» atly işläp taýýarlamak tehnologiýasyna awtorlyk hukugyny bellige aldy...

24.11.2025 13:43
3.9k+

Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy boýunça bäsleşik geçirildi

21-22-nji noýabrda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy boýunça bäsleşik geçirildi. Bilim ministrligi tarapynda guralan bu bäsleşige Türkmenistanyň dürli künjeginden ýaşlaryň 300-e golaýy öz taýýarlan robotlary bilen gatnaşdy...