Spotify 2025-nji ýylyň iň meşhur artistlerini, aýdymlaryny we albomlaryny saýlady

  • 07.12.2025 12:18
  • 2k+

Spotify akym hyzmaty ýylyň jemini jemläp, 2025-nji ýylyň iň meşhur artistlerini, şeýle-de iň köp diňlenen aýdymlary we albomlary kesgitledi.

Maglumatlara görä, dördünji gezek (2020, 2021 we 2022-nji ýyllardan soň) iň meşhur artist puertorikoly Bad Bunny boldy. Onuň aýdymlary platformada 19,8 mlrd gezek diňlendi. Şeýle-de, öňdebaryjylaryň bäşligine Teýlor Swift (dünýäde ikinji orny, ýöne ABŞ-da birinji orny eýeleýär), The Weeknd, Dreýk we Billi Aýliş girdi.
Iň köp diňlenen aýdymlaryň reýtinginde birinji orny 1,7 mlrd gezek diňlenen Ledi Gaga bilen Bruno Marsyň «Die With a Smile» aýdymy eýeledi. Ikinji orunda 2024-nji ýyldaky üçünji orundan ýokary galan Billi Aýlişiň «Birds of a Feather» aýdymy ýerleşdi. Öňdebaryjylaryň üçlügini Blackpink-den Roze bilen Bruno Marsyň «Apt» aýdymy jemledi. Ýylyň iň meşhur aýdymlarynyň bäşligine Aleks Uorreniň «Ordinary» we Bad Bunny-nyň «DtMF» aýdymlary hem girdi.
Albomlaryň arasynda Bad Bunny-nyň «Debí Tirar Más Fotos» albomy öňde barýar. Ikinji orny Netflix-iň «Keý-pop melgun awçylary» filminiň saundtreki eýeleýär. Ilkinji bäşlige yzygider ikinji ýyl Billi Aýlişiň «Hit Me Hard and Soft» (üçünji orun) we Sabrina Karpenteriň «Short n’ Sweet» (bäşinji orun) albomlary girdi. Dördünji orunda «SOS Deluxe: Lana» – SZA-nyň ikinji studiýa albomynyň gaýtadan çykarylan nusgasy ýerleşýär. 

şu gün 12:35
3.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 22:10
2.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3.3k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.8k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......