2025-nji ýylda Wikipediada haýsy sahypalar köp görüldi

  • 07.12.2025 11:44
  • 2.1k+

Wikipedia 2025-nji ýylda iň köp görlen iňlis dilindäki sahypalaryň sanawyny hödürledi.

Geçip barýan ýylyň lideri sagçy aktiwist Çarli Kirk baradaky makala boldy. Ol 10-njy sentýabrda Ýuta ştatyndaky debat wagty heläk boldy. Onuň ölüminden soňky gün sahypa tas 15 mln gezek görüldi.
Ikinji orunda «2025-nji ýyldaky ölümler» sahypasy ýerleşýär. Wikipedianyň wekilleri onuň reýtingiň ýokarky orunlaryny durnukly saklaýandygyny we hiç haçan üçünji orundan aşak düşmändigini belleýär.
Üçünji meşhur makala amerikaly ganhor Ed Gin baradaky makala boldy. Bu materiala gyzyklanmanyň artmagy Netflix-iň Gine bagyşlanan «Nägehan» antologiýa serialynyň täze möwsüminiň çykmagy bilen baglanyşyklydyr.
Dördünji orny ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp baradaky sahypa eýeledi. Bäşinji orunda Rim papasy Lew XIV baradaky makala ýerleşdi.
Iň köp girip görlen makalalaryň doly sanawy şeýle görnüşde:

  • ·Çarli Kirk – 44,9 mln gezek görlen;
  • ·«2025-nji ýyldaky ölümler» – 42,5 mln;
  • ·Ed Gin – 31,2 mln
  • ·Donald Tramp – 25,1 mln
  • ·Rim papasy Lew XIV – 22 mln
  • ·Ilon Mask – 20,1 mln
  • ·Zohran Mamdani – 20,1 mln
  • ·«Günäliler» filmi – 18,2 mln
  • ·Ozzi Osborn – 17,7 mln
  • ·«Supermen» filmi – 17 mln
  • ·Rim papasy Fransisk – 15,2 mln
  • ·«Bölünişik» serialy – 13,8 mln
  • ·ABŞ – 13 mln
  • ·«Gök gürrüldedijiler» filmi – 12,8 mln
  • ·«Ýaraglar» filmi – 11,7 mln
  • ·Jeý Di Wens – 11,6 mln
  • ·«Ýetginjeklik döwri» serialy – 11,5 mln
  • ·MrBeast – 11,4 mln
  • ·Kriştianu Ronaldu – 10,8 mln
  • ·«Fantastik dörtlük: Ilkinji ädimler» filmi – 10,7 mln
şu gün 12:35
2.1k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 22:10
2.7k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3.1k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.6k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......