Samsung üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonynyň gutusyny açyp görkezdi

  • 06.12.2025 09:57
  • 4.3k+

Samsung ýakynda hödürlenen we häzirlikçe diňe Günorta Koreýada satmagy meýilleşdirilýän Galaxy Z TriFold smartfonynyň gutusyny açyp görkezýän resmi wideo bilen paýlaşdy. Model, takmynan, 2500 dollar bilen bahalandyryldy.

Wideoda üç eplenýän smartfonyň özi we topluma girýän ähli aksessuarlar görkezilýär. Toplum Samsung-yň adaty flagmanlaryndan has uly. Galaxy Z TriFold 45 Wt kuwwatly zarýad beriji, USB-C/USB-C kabeli, Carbon Shield Case gorag daşlygy, SIM-karty çykarmak üçin skrepka we adaty resminamalar bilen bilelikde satylýar. Şeýle-de, aýratyn satyn alynýan Carbon Standing Case daşlygy görkezilýär.
Mundan başga-da, wideoda smartfonyň dizaýny jikme-jik görkezilýär. Galaxy Z TriFold 10 dýuýmlyk çeýe içki ekrana we 6,5 dýuýmlyk daşky displeýe eýe boldy.
Günorta Koreýada satuw 12-nji dekabrda başlar. Hytaýda, Taýwanda, Singapurda we BAE-de smartfon gijräk – aýyň ahyrynda peýda bolar. Alyjylar displeýi bejermek üçin bir gezeklik 50% arzanladyş alar.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...