20-nji dekabrda Tokioda «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» formatynda birinji sammit geçiriler

  • 05.12.2025 17:52
  • 4k+

20-nji dekabrda Tokio şäherinde döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» sammiti geçiriler. Bu barada «Ýaponiýa — Merkezi Aziýa» Dostluk ligasynyň umumy ýygnagynda mälim edildi diýip, Kyodo News neşiri habar berýär.

2-nji dekabrda Ýaponiýanyň Liberal demokratik partiýasynyň wise-prezidenti Taro Asonyň başlyklyk etmegine geçirilen ýygnakda Premýer-ministr Premýer-ministri Sanae Takaitiniň sammite taýýarlyk işlerini Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy bilen işjeň utgaşdyrýandygy bellenildi.
Habarda bellenilişine görä, sammitiň çäginde Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Merkezi Aziýa döwletleriniň Liderleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmegi hem göz öňünde tutulýar.
Belläp geçsek, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýaponiýa 20 ýylyň dowamynda şeýle formatdaky gepleşikleri diňe ministrler derejesinde geçirdi.
«Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň 20 ýyllygynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň awgust aýynda Prezidentleriň derejesinde Gazagystanda sammit geçirmek meýilleşdirilipdi. Emma Ýaponiýada şol döwür bolup geçen weýrançylykly ýertitremesi zerarly, duşuşyk yza süýşürilip, onuň geçiriljek senesiniň bolsa gaýtadan ylalaşyljakdygy habar berlipdi.


düýn 22:17
855

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.2k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......