Londonly suratkeş şäher ilaty bilen geçirilen audio söhbetdeşlikleri maglumat merkeziniň öň tarapyny bezeýän nagşa öwürdi

  • 05.12.2025 11:36
  • 2.8k+

Suratkeş Rafael El Baz Londonyň bir etrabynyň ýaşaýjylary bilen geçirilen söhbetdeşlikleri täze maglumat merkeziniň (data-center) öň tarapyny bezeýän uly göwrümli nagşa öwürdi. Bu barada Bi-bi-si habar berýär.

El Baz Park-Roýal sebitindäki daş-töweregiň seslerini, şeýle hem ýerli ýaşaýjylar we telekeçiler bilen bolan 120 audio söhbetdeşligi ýazga aldy. Bu ýazgylary ol ikili koda we ses tolkunlaryna öwürdi. Alnan nagyşlar deşikler görnüşinde alýumin panellerine geçirildi.


Installýasiýa "11 million nokat" diýlip atlandyryldy we täze maglumat merkeziniň öň tarapynyň alty gatynda 2700 inedördül metr meýdany tutdy. Bu surat şäheriň ýaşaýjylarynyň gatnaşmagynda döredilen, Londondaky iň uly sungat eseri boldy.
El Baz sanly maglumatlaryň nähili boljakdygyny – adamlaryň her gün ulanýan, ýöne asla gözlerine ilmeýän zatlaryny öwrenmäge çalyşdy.

"Meniň işim material, durnuklylyk we akym bilen baglanyşykly. Ol käbir materiallara doly baha berip bilmeýändigimiz we munuň käbir wakalaryň gymmatyny bilmezlige eltýändigi hakda" – diýip, suratkeş düşündirdi.


16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......

29.04.2026 13:40
991

Britaniýanyň Teýt galereýasynda 1990-njy ýyllaryň sungaty we modasy barada giň gerimli sergi açylar

Britaniýanyň Teýt galareýasy  1990-njy ýyllaryň medeni dünýäsine bagyşlanan “The 90s: Art and Fashion” atly serginiň geçirilýändigini bildiriş etdi. 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 14-nji......