YouTube-da indi ulanyjylar gören wideolary barada ýyllyk hasabat bilen tanşyp biler

  • 04.12.2025 23:46
  • 2.9k+

YouTube öz taryhynda ilkinji gezek şahsylaşdyrylan ýyllyk hasabaty döretdi. Ol ulanyjynyň bir ýylyň dowamynda tomaşa eden wideolaryny görkezýär.

Ozal YouTube Music-de Recap aýdym-saz statistikasy bardy, indi bolsa kontentiň ähli görnüşleri üçin umumy YouTube Recap peýda boldy.
Hasabatda her bir kesgitli tomaşaçy üçin ýylyň jemini görkezýän 12 töweregi şahsylaşdyrylan kartoçka bar.
YouTube Recap-da ýylyň jemi boýunça halanýan kanallary, meşhur mowzuklary, tomaşa etmek endiginiň üýtgändigi barada maglumatlary, şeýle-de ulanyjynyň bellibir «şahsyýet görnüşini» görüp bolýar. Meselem, platformany okuw üçin ýygy-ýygydan ulanýanlar «Skill Builder», oňyn kontent gözleýänler «Sunshiner» bolýar.  
Şeýle-de, «Trailblazer», «Wonder Seeker», «Connector» we «Dreamer» ýaly şahsyýet görnüşleri bar.
Ulanyjylara ýylyň öňdebaryjy aýdymçylary we aýdymlary hem elýeterlidir; has giňişleýin aýdym-saz seljermesi bolsa YouTube Music programmasynda hödürlenýär.
YouTube hasabaty döretmezden ozal 50-den gowrak synag geçirendigini, pikiriň bolsa ulanyjylar tarapyndan hödürlenendigini aýtdy. Recap 2-nji dekabrda Demirgazyk Amerikadaky ulanyjylaryň arasynda ýaýrap başlady we bir hepdäniň içinde bütin dünýäde elýeterli bolar. Ony baş sahypada ýa-da mobil goşundysynda we desktopda “Siz” bölüminde görüp bolýar.
Munuň bilen birlikde YouTube ýyllyk reýtingini hödürledi: yzygider altynjy ýyl platformanyň öňdebaryjy kreatory MrBeast, iň meşhur podkast bolsa The Joe Rogan Experience boldy. Ýylyň aýdymy hökmünde Bruno Mars bilen Ledi Gaganyň «Die with a Smile» aýdymy saýlandy. 


16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

14.06.2026 14:07
4k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

30.05.2026 11:28
1.6k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......