Magtymguly adyndaky TDU-nyň ýene bir talyby «Türki halklarynyň iň gowy talyby» halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

  • 04.12.2025 16:24
  • 6.4k+

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk öwreniş hünäriniň 4-nji ýyl talyby Nurýagdy Baýryýew «Türki halklarynyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy.

TDU-nyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, Nurýagdy Baýryýew Gazagystanyň Astana şäherinde bu ýurduň «Bilim-orkenieti» milli innowasiýa ylmy-gözleg merkezi hem-de «Žana Gazagystan» respublikan innowasion merkezi tarapyndan guralan bäsleşige internet arkaly gatnaşdy.
Şeýlelikde, ol bu bäsleşikde I derejeli Diploma, döşe dakylýan nyşana we kuboga mynasyp boldy.
Ozal «Türki halklaryň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşikde Magtymguly adyndaky TDU-nyň taryh hünäriniň talyby Zyýada Ýusubowanyň hem-de Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň «Syýahatçylyk hyzmatlary» hünäriniň 2-nji ýyl talyby Altyntäç Janmämmedowanyň ýeňiji bolandygy barada habar beripdik.


19.06.2026 18:41
3k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.2k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

16.06.2026 08:05
4.5k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......