“Haýwanlar şäheri 2” Hytaýda bir günde Golliwud üçin rekord $100 mln ýygnady

  • şu gün 11:25
  • 237

“Haýwanlar şäheri 2” (Зверополис 2) multfilmi bir günde Hytaýda 100 mln dollar ýygnap, hytaý prokatynda Golliwudyň filmleri üçin rekord goýdy.

Öňki rekord “Ar alyjylar: Final” filmine degişlidi. Ol HHR-de prokatyň ilkinji güni 97,5 mln dollar gazanypdy.
Animasion filmiň ilkinji dynç günleri bütin dünýäde 500 mln dollar ýygnamagyna garaşylýar, bu bolsa oňa 2025-nji ýylyň iň girdejili filmi bolmaga uly mümkinçilik berer.
“Haýwanlar şäheri 2” ýene-de towşan Judi we tilki Nik barada gürrüň berýär. Olar Geri atly ýylanyň öz abraýyny arassalamaga kömek etjek syrly kitaby ogurlamaga synanyşýandygyny bilýär. Judi we Nik ogry bilen bilelikde gaçyp, polisiýanyň gözlegine düşýär. Hukuk goraýjylardan gizlenmek bilen, gahrymanlar hakyky zalymyň kitaby almak üçin şäheriň başga bir ýaşaýjysyny öldürendiginiň üstüni açar. 


şu gün 11:51
133

“Ýyrtyjy: Ölüm planetasy” $162 mln ýygnap, franşizada iň girdejili film boldy

“Ýyrtyjy: Ölüm planetasy” (Хищник: Планета Смерти) resmi taýdan franşizada iň girdejili film boldy. Den Trahtenberg tarapyndan düşürilen täze bölüm dünýä prokatynda 162 mln dollar gazandy diýip, The Numbers ýazýar...

düýn 21:19
4.9k+

ABŞ-da 74 ýaşly adam ogullyga alyndy we Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Ginnesiň rekordlar kitaby ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatyndan bolan Bill Steýns baradaky täsin wakany gürrüň berýär. Birnäçe ýyl mundan ozal ol dünýäde ogullyga alnan iň garry adam boldy — ogullyga alnan wagtynda ol 74 ýaş we 303 günlükdi...

düýn 21:08
1.8k+

Kwentin Tarantino "Açlyk oýunlarynyň" döredijilerini plagiatda aýyplady

Režissýor Kwentin Tarantino "Açlyk oýunlary" (The Hunger Games) franşizasynyň 1999-njy ýylda çykan "Şa söweşi" (Battle Royale) atly ýapon romanyndan we onuň film adaptasiýasyndan göçürilip alnandygyny (plagiatdygyny) öňe sürdi diýip, "The Hollywood Reporter" neşiri habar berýär...

düýn 19:41
5.7k+

Dünýäde iň kiçi aty Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Pumukel atly at dünýäniň iň kiçi aty hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Onuň geriş beýikligi bary-ýogy 52,6 santimetr. Pumukel Germaniýadaky bir fermada ýaşaýar. Onuň eýesi Karol Waýdmann atyny bäş ýyl mundan ozal, ol entek kiçijik taýçanakka özüne aldy...