BMW Z4 sportkarynyň hoşlaşyk wersiýasyny çykarar

  • 30.11.2025 19:26
  • 3.5k+

BMW kompaniýasy Z4 rodsteriň hoşlaşyk - Final Edition atly wersiýasynyň çykarylandygyny yglan etdi. Modeliň Awstriýada Magna Steyr zawodyndaky önümçiligi 2026-njy ýylyň aprelinde tamamlanar. Onuň bilen birlikde Z4-iň "ekiztaýy" bolan Toyota GR Supra hem ýygnama hataryndan aýrylar, ýöne ýapon kompaniýasy sport awtoulagynyň ömrüniň soňlanandygyny has öňräk yglan edipdi.

BMW Z4 Final Edition-yň önümçiligi indiki ýylyň fewral aýyndan aprel aýyna çenli çäklendirilen nusgada çykar. Çykarylan ähli sportkarlar Individual Frozen Black Metallic reňkine boýalar, Shadowline bukjasyndan ýalpyldawuk-gara detallara eýe bolar we gyzyl tormoz supportlary bilen bezeler. Salonyndaky gara oturgyçlar Vernasca derisinden we alkantaradan örtük çekilen, howpsuzlyk kemerleri üç reňkli M bezegli, interýeri gyzyl tikinler bilen bezelen. Opsiýalaryň giň sanawyna, beýleki zatlar bilen birlikde, proýeksiýa displeýi we Harman Kardon ses ulgamy girýär.
Soňky rodster tehniki taýdan standart Z4 M40i bilen birmeňzeşdir. Kapotyň aşagynda 3,0 litrlik atmosferaly alty silindrli hereketlendirijisi 387 at güýjüne (500 Nm) eýe bolup, ol alty basgançakly mehaniki ýa-da sekiz basgançakly awtomatiki geçiriji bilen birleşdirilen. Onuň öň tarapynda 19 dýuýmlyk, yzky tarapynda bolsa 20 dýuýmlyk diskalar bar.
Z4 Final Edition-yň bahasy takmynan 79 000 dollara düşer, bu bolsa standart Z4 M40i-den 10 000 dollar gymmat. Modeliň häzirki nesli 2018-nji ýylda önümçilige başlapdy.
Toyota täze Supra çykarmagy meýilleşdirýändigini, ýöne onuň BMW bilen bilelikde işlenip düzülmejekdigini aýtdy. Şeýle-de bolsa, bawariýaly öndüriji geljekde Neue Klasse platformasyna esaslanýan täze sport awtoulagynyň peýda bolmagynyň mümkindigini tassyklady.


18.06.2026 10:58
3.4k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......