Chanel Şanhaýda ilkinji jemgyýetçilik kitaphanasyny açdy

  • 28.11.2025 12:02
  • 2.8k+

Chanel Modalar öýi Şanhaýda häzirki zaman sungatyna bagyşlanan ilkinji jemgyýetçilik kitaphanasy bolan Espace Gabrielle Chanel-i açdy. Bu barada Hypebeast žurnaly habar berýär.

18 müň inedördül fut meýdany bolan bu giňişlik Power Station of Art muzeýiniň üçünji gatynda ýerleşýär we onda 50 müňden gowrak kitap hem-de audio neşir bar. Onuň dizaýnyny ýapon arhitektory Kadzunari Sakamoto taýýarlady. Interýeriň esasy elementi — «Kitaplar jülgesi» bolup, ol labirint şekilli gurluş bolup, ol derýanyň akymyny hem-de binanyň senagat mirasyny alamatlandyrýar.

Topluma sergi zaly, teatr, dizaýn merkezi we Huanpu derýasyna seredýän terassa girýär.
Bu taslama Chanel-iň häzirki zaman hytaý ussatlygyny, arhitekturany we teatr sungatyny goldaýan Next Cultural Producer maksatnamasynyň çäginde Power Station of Art bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygynyň bir bölegidir.
Chanel-iň sungat boýunça prezidenti Ýana Piliň bellemegine görä, bu hyzmatdaşlyk brendiň medeniýetara alyş-çalşyna bolan berk ygrarlygyny görkezýär.

şu gün 12:35
1.9k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 22:10
2.7k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.6k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......